Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ýolbaşçylary energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew Awazada geçirilen türkmen-azerbaýjan-türk birinji üçtaraplaýyn Sammitiniň öňüsyrasynda ikitaraplaýyn duşuşygyň dowamynda energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada TDH agentligi habar berdi.
Döwlet baştutanlary uglewodorod baýlyklarynyň ägirt uly ätiýaçlyklaryna eýe bolan goňşy ýurtlaryň amatly geografiki ýerleşişini göz öňünde tutup, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde we häzirki zaman ulag we üstaşyr infrastrukturany döretmekde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hökümetleriniň arasynda Hazar deňzindäki «Dostluk» uglewodorod ýatagynda bilelikde gözleg, işläp taýýarlamak hem-de özleşdirmek işlerini geçirmekde özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmeginiň möhümdigini bellediler.
ORIENT news
Surat: president.az








