Habarlar

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen dokma pudagynyň işgärlerine hormatly atlar dakyldyPrezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen dokma pudagynyň işgärlerine hormatly atlar dakyldy

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen dokma pudagynyň işgärlerine hormatly atlar dakyldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, türkmen halylarynyň gözelligini, nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň halyçy gelin-gyzlarynyň 11-sine «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy.

Türkmenistanda serhetleri saglygy goraýyşyň meseleleri bilen özara arabaglanyşykda dolandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylarTürkmenistanda serhetleri saglygy goraýyşyň meseleleri bilen özara arabaglanyşykda dolandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanda serhetleri saglygy goraýyşyň meseleleri bilen özara arabaglanyşykda dolandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Saglygy goraýyşyň meseleleri jähtinde serhetleri utgaşdyrylan ýagdaýda dolandyrmak Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleriniň Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň (MHG) sebitleýin edarasynyň baş hünärmeni bilen duşuşygynda esasy tema boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň saýty habar berýär.

Türkmen hukuk goraýjylary BMG-niň ugurdaş komissiýasynyň sessiýasynyň çäklerinde tejribe alyşdylarTürkmen hukuk goraýjylary BMG-niň ugurdaş komissiýasynyň sessiýasynyň çäklerinde tejribe alyşdylar

Türkmen hukuk goraýjylary BMG-niň ugurdaş komissiýasynyň sessiýasynyň çäklerinde tejribe alyşdylar

Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasy BMG-niň Neşeler we Jenaýaçylyk baradaky Müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin edarasy bilen bilelikde BMG-niň jenaýatçylygyň öňüni almak wejenaýat adalaty boýunça Wenada bolan 32-nji komissiýasynyň çäklerinde «Jenaýatçylygyň öňüni almak boýunça işlerde ikitaraplaýyn dialogyň we köptaraplaýyn resminamalaryň ähmiýeti» atly ugurdaş çäräni gurady.