HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti Astana halkara forumyna gatnaşar

Maý 26, 2023 | 20:52 |8922
Astana halkara forumy - AIF 2023 8-9-njy iýunda Gazagystanyň paýtagtynda
Prezident Kasym-Jomart Tokaýewiň howandarlygynda geçiriler. 40 panele we ugurdaş
çärelere onlarça halkara spiker we moderator gatnaşar. Forumyň iň esasy temasy -
Merkezi Aziýa we onuň täze kynçylyklaryň öňünde dünýä arenasyndaky orny.Astana halkara forumy - AIF 2023 8-9-njy iýunda Gazagystanyň paýtagtynda
Prezident Kasym-Jomart Tokaýewiň howandarlygynda geçiriler. 40 panele we ugurdaş
çärelere onlarça halkara spiker we moderator gatnaşar. Forumyň iň esasy temasy -
Merkezi Aziýa we onuň täze kynçylyklaryň öňünde dünýä arenasyndaky orny.
Çeşme: bizmedia.kz

Astana halkara forumy - AIF 2023 8-9-njy iýunda Gazagystanyň paýtagtynda Prezident Kasym-Jomart Tokaýewiň howandarlygynda geçiriler. 40 panele we ugurdaş çärelere onlarça halkara spiker we moderator gatnaşar. Forumyň iň esasy temasy - Merkezi Aziýa we onuň täze kynçylyklaryň öňünde dünýä arenasyndaky orny.

Şeýlelik bilen, forumyň “Merkezi Aziýanyň arabaglanyşygyny suratlandyrmak” mowzugyna degişli bölüminde diňe bir sebitiň soňky birnäçe ýylda agyr zarba urlan global üpjünçilik zynjyryny gaýtadan dikeltmekdäki ähmiýeti däl, eýsem Ýewropa Bileleşigi bilen Hytaýyň bazarlaryny birleşdirmek meselesi, şeýle-de sebitiň ulag we logistika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmakdaky orny we mümkinçilikleri öwreniler.

Şeýle-de, AIF 2023-iň maksatnamasy “Köptaraplaýyn söwda ulgamynda Merkezi Aziýa: BSG-ä girmegiň şertleri”, “Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygyny guramak” atly sessiýalary öz içine alýar. Şeýle hem BSG-niň baş müdiri Ngozi Okonjo-Iwealanyň Merkezi Aziýa we Azerbaýjan ýurtlarynyň söwda ministrleri bilen duşuşygy geçiriler.

Maksatnama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahimberdi Jepbarow “Durnukly söwdany açmak: sanlaşdyrmagyň roly” diýen tema boýunça we Türkmenistanyň Energetika ministri Hajymuhammet Rejepmyradow bolsa "Sebitlerde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösüşi: energiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň alternatiw ýollary" mowzugynda çykyş ederler.

Şeýle hem forumda energiýa howpsuzlygy we tebigy energiýanyň täze energiýa geçiş ýolundaky orny, uglerod bitaraplygy ýolundaky uglerod maliýeleşdiriş bazary, elektron söwdadan kagyzsyz serhetlere geçiş we başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Umumy mejlise Katar döwletiniň emiri Tamim Bin Hamad Al Taniniň, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Halkara Walýuta Gaznasynyň Dolandyryjysy Kristalina Georgiýewanyň, ÝUNESKO-nyň Baş müdiri Odre Azuleniň we beýlekileriň gatnaşmagyna garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Gadymy siwilizasiýalar — umumy geljek: Modi we Wan I Hindistan bilen Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygyny tassyklady

Gadymy siwilizasiýalar — umumy geljek: Modi we Wan I Hindistan bilen Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygyny tassyklady

20:59 Iýun 25, 2026
OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

19:34 Iýun 25, 2026
LineShine Hytaýy ýene-de dünýäniň iň ýokary derejesine gaýtaryp getirdi: 2,198 eksaflop/s — dünýäniň iň kuwwatly superkompýuteri El Capitan-dan öňe geçdi we iki eksaflop çäginden geçdi

LineShine Hytaýy ýene-de dünýäniň iň ýokary derejesine gaýtaryp getirdi: 2,198 eksaflop/s — dünýäniň iň kuwwatly superkompýuteri El Capitan-dan öňe geçdi we iki eksaflop çäginden geçdi

19:00 Iýun 25, 2026