HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pakistan we Türkmenistan TAPI-niň çalt durmuşa geçirilmegi üçin bilelikdäki meýilnama gol çekdiler

Iýun 08, 2023 | 18:57 |10288
Pakistan Yslam Respublikasynyň premýer-ministri Mian Muhammet
Şehbaz Şerif penşenbe güni 8-nji iýunda Döwlet ministri –
«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň
ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetini kabul etdi.Pakistan Yslam Respublikasynyň premýer-ministri Mian Muhammet
Şehbaz Şerif penşenbe güni 8-nji iýunda Döwlet ministri –
«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň
ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetini kabul etdi.
Çeşme: pakistan.tmembassy.gov.tm

Pakistan Yslam Respublikasynyň premýer-ministri Mian Muhammet Şehbaz Şerif penşenbe güni 8-nji iýunda Döwlet ministri – «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetini kabul etdi.

Duşuşykda türkmen tarapy Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda uly göwrümli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada premýer- ministre habar berdi.

IMG_20230608_185530.jpg

Premýer-ministr, ýurduň energetika zerurlyklaryny kanagatlandyrmakda möhüm orun tutjak TAPI gaz geçirijisiniň we TAP elektrik geçirijisiniň taslamalarynyň möhletinden öň tamamlanmagyna Pakistan hökümetiniň goldawyny tassyklady diýip, Yslamabatdaky Türkmen ilçihanasynyň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň wekiliýeti we Mian Muhammet Şehbaz Şerif premýer-ministriň rezidensiýasynda bolan TAPI gaz geçiriji taslamasynyň çalt durmuşa geçirilmegi üçin Bilelikdäki meýilnamanyň gol çekişlik dabarasyna gatnaşdy.

IMG_20230608_185515.jpg

Premýer-ministr dabarada çykyş edip, TAPI-iň sebitiň gülläp ösmegini üpjün etmek üçin örän möhüm taslamadygyny we sebitleýin hyzmatdaşlygyň täze döwrüni alamatlandyrjakdygyny aýtdy. «Biz TAPI-iň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak üçin ähli tagallalary ederis»,- diýip Şerif belledi.

Bu Bilelikdäki meýilnama gol çekilmegi, her gatnaşyjy ýurt we umuman sebit üçin taryhy ähmiýete eýe bolan TAPI gaz geçirijisini durmuşa geçirmekde möhüm ädimdir.

IMG_20230608_185459.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026