HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýokary derejede geçen türkmen-wenger gepleşikleriniň jemleri boýunça bilelikdäki resminamalara gol çekildi

Iýun 09, 2023 | 15:06 |9160
Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we resmi sapar bilen Aşgabada gelen Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler geçirildi.Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we resmi sapar bilen Aşgabada gelen Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Çeşme: ungarnheute-hu

Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we resmi sapar bilen Aşgabada gelen Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Gepleşikler tamamlanandan soňra bilelikdäki resminamalara gol çekildi. Hususan-da, taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlaryny höweslendirmek we özara goramak hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Wengriýanyň Medeniýet we innowasiýa ministrliginiň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Wengriýanyň Syýahatçylyk agentliginiň arasynda syýahatçylyk babatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Wengriýanyň Içeri işler ministrliginiň arasynda suw serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň Döwlet etalon merkezi bilen Budapeşt paýtagt şäher hökümetiniň diwanynyň Metrologiýa we tehniki gözegçilik müdiriýetiniň arasynda metrologiýa babatda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň arasynda “Stipendium Hungaricum” maksatnamasynyň çäklerinde 2024-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň arasynda diplomatik taýýarlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk babatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Mundan başga-da, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Semmelweýs uniwersitetiniň arasynda akademiki we ylmy hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow we premýer-ministr Wiktor Orban KHBS-niň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler - diýip, TDH habar berýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026