

Saud Arabystanyna 1,66 mln zyýaratçy geldi
Saud Arabystanyna ahli serhet nokatlarynyň üsti bilen 1,65 mln zyýaratçy geldi. Bu barada ýurduň Baş pasport müdirligi habar berdi.


Saud Arabystanyna ahli serhet nokatlarynyň üsti bilen 1,65 mln zyýaratçy geldi. Bu barada ýurduň Baş pasport müdirligi habar berdi.


Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport boýunça Döwlet komitetiniň Aşgabatdaky sportyň gyşky oýun görnüşleri sport toplumynyň öz resmi **[saýty](https://buzlykoshk.com.tm/)** peýda boldy.


Magtymgulynyň doglan gününiň 300-ýyllygynyň hormatyna Türkiýeden professor, filologýa ylymlarynyň doktory Ahmet Buran «Sözi ganatlandyran şahyr – Magtymguly» atly kitaby çykardy. Neşiriň çap bolup çykmagy şeýle hem Türkiýe respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 100-ýyllygyna bagyşlanandyr. Kitap üç bölümden ybaratdyr, olaryň her biri Magtymgulynyň döredijilik mirasyna bagyşlanandyr. Onda beýik akyldaryň şahyrana garaýyşlary yzarlanýar, akyldaryň döredijilik şahsyýeti we çeperçilik pikir ýöretmesiniň aýratynlyklary açylyp görkezilýär. Neşir şeýle hem okyjyny Pyragynyň döredijiliginiň Gündogar edebiýatyna täsiri, onuň döredijilik hatynyň ýitiligini onuň goşgy şekilindäki eserleriniň üsti bilen tanyşdyrýar. Umuman, Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk Ministrliginiň goldaw bermeginde çykarylan Ahmet Buranyň täze kitaby Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini öwrenýänler üçin peýdaly gollanma bolar. <p style="text-align: right"><em><strong>ORIENT habarlar</strong></em></p> Magtymgulynyň doglan gününiň 300-ýyllygynyň hormatyna Türkiýeden professor, filologýa ylymlarynyň doktory Ahmet Buran «Sözi ganatlandyran şahyr – Magtymguly» atly kitaby çykardy. Neşiriň çap bolup çykmagy şeýle hem Türkiýe respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 100-ýyllygyna bagyşlanandyr.


Şu gün şenbe güni, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherine iş sapary etdi we täze binalaryň we desgalaryň gurluşygy bilen tanyşdy.


Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida ýurduň daşary işler ministrligine Ýaponiýanyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyny guramak boýunça meseleleri öwrenmegi tabşyrdy.


Moskwa şäherinde daşary işler ministrlikleriniň wekilleriniň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda Türkmenistanyň we GDA ýurtlarynyň wekilleri halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçnek Omuraliýew 29-30-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylyşyna gatnaşmak üçin Türkmenistanda saparda bolar.


Aşgabatda adam hukuklary boýunça Mekdebiň çäklerinde maýyplygy bolan ýaşlar üçin üçünji okuw geçdi. Ol BMG-nyň adam hukuklary boýunça Ýokary komissarlygynyň Merkezi Aiýa boýunça sebitleýin bölümi tarapyndan gurnaldy.


Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Muhammetgldi Aýazow Ermenistanyň jemgyeýtçilik telewideniýesini döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň açylyşy hakynda reportaž taýýarlamaga çagyrdy.


Türkmenistanyň bäş welaýatynda surda terjimäniň (alamat diline terjimäniň) tölegsiz hyzmatlary berilip başlandy.


Almatyda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşleriniň sekretarlarynyň ilkinji duşuşygy geçirildi.


Türkmenistandaky BMG-nyň Ösüş maksatnamasy Daşoguz şäherinde howanyň üýtgemegi boýunça maglumat beriji sessiýalaryň birnäçesini gurnady.


Marokkonyň Rabat şäherinde migrantlaryň we bosgunlaryň saglygy meselesi boýunça üçünji bütindünýä maslahatynda BMG-nyň agza-döwletleriniň wekilleri tarapyndan bosgunlaryň we migrantlaryň saglygyny berkitmek boýunça Rabat jarnamasy kabul edildi. Bu barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň saýtynda habar berilýär.


Türkmenistanyň wekiliýeti Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-köl şäherinde geçirilen saýlaw we saýlaw işi baradaky kanauçylygy kämilleşdirmek boýunça birinji halkara foruma gatnaşdy. Oňa şeýle hem, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Belarusyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Gruziýanyň we Mongoliýanyň wekilleri gatnaşdylar.


Türkmenistan halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ulanyp, Hytaýdan üstaşyr ýük daşamalaryny artdyrmaklyga gyzyklanýar. Bu barada Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiligini açyp görkezmek boýunça işewür duşuşygyň barşynda beýan etdi. Bu barada ORIENT-e Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasy habar berdi.