

Putin Kataryň premýer-ministri bilen gepleşik geçirdi
22-nji iýunda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Kataryň premýer-ministr we daşary işler ministri Mohammed bin Abdel Rahman Al Tani bilen Moskwada duşuşdy.


22-nji iýunda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Kataryň premýer-ministr we daşary işler ministri Mohammed bin Abdel Rahman Al Tani bilen Moskwada duşuşdy.


Özbegistanda GDA agza-döwletleriň «Arkalaşygyň Çagalary» atly sekizinji halkara medeni-bilim forumy geçýär – diýip, Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat-gullugy habar berýär.


Harytlary klassifikasiýa etmek babatynda tejribe alyşmak Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň we Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň wekilleriniň onlaýn-duşuşygynyň maksatlarynyň biri boldy. Bu barada Türkmenistanyň gümrük edarasynyň saýty habar berýär.


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasynyň kabul edilmegine çagyrdy. Bu barada ol dolandyryjy adalat we ösüş Partiýasynyň fraksiýasynyň birinji mejlisinde parlamentiň 28-nji çagyrylyşynda Ankarada çykyş etmek bilen beýan etdi – diýip, Anadolu agentligi habar berýär.


Söwda- ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda aragatnaşyklary ýola goýmagyň meseleleri Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň Ermenistanyň Söwda-senagat palatasynyň direktory Andranik Aleksanýan we palatanyň wise-prezidenti Karen Iwanow bilen duşuşygynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.


Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen geçirilen duşuşykda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Merkezi Aziýanyň halkara arendaky abraýynyň barha artýandygyny belledi.


Türkmenistnyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Halk Maslahatyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow instruktor, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutladylar.


9-njy iýula bellenen Özbegistanyň prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlaryna özbek we daşary ýurt KHBS-niň 854 wekili akkreditirlendi. Bu barada respublikanyň Merkezi saýlaw toparynyň nobatdaky mejlisinde habar berdiler.


Paýtagtymyzyň günortasynda, Köpetdagyň eteginde äpet “AŞGABAT” ýazgysy gurlar. Bu ýazgyny gurnamak we degişli abadanlaşdyryş işlerini ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bäsleşik yglan edýär.


Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Ruhy Lideri Aýatolla Ali Hameneýi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa «Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň» pars dilindäki iki jiltlik ýygyndysyny sowgat hökmünde iberdi.


BMG-nyň Terrorizme garşy komitetiniň missiýasynyň 2024-nji ýylda Türkmenistana saparyny gurnamak meseleleri Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň BMG-nyň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-nyň Terrorizme garşy komitetiniň Ýerine ýetiriji müdirliginiň Ýerine ýetiriji müdiri Natalýa German bilen duşuşygynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.


Özbegistanyň ilkinji hususy uçar kompaniýasy Centrum Air şu gün Ürgençden Moskwa uçuş maksatnamasyna badalga berdi – diýip, RIA Nowosti habar berýär.


Bilermenler toparynyň goşmaça mejlisinde Arkalaşgyň ýurtlarynyň wekilleri GDA-nyň Çempionaty (Birinjiligi, Kubogy) hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny ylalaşdylar. Bu barada Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat-gullugy habar berýär.


Ýewropa-Kawakz-Aziýa (TRASEKA) ulag geçelgesiniň hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariaty Ýewropadan Merkezi Aziýa ýarym tirkegli ýük awtoulaglary arkaly ýükleriň ilkinji synag daşalmasyny amala aşyrdy- diýip, Trend habar berýär.
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2025-nji ýylda geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada “Belli” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.