HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Mekdebiň çäklerinde maýyplygy bolan ýaşlar üçin okuwlar geçýär

Iýun 24, 2023 | 10:22 |5394
Aşgabatda adam hukuklary boýunça Mekdebiň çäklerinde maýyplygy bolan ýaşlar üçin üçünji okuw geçdi. Ol BMG-nyň adam hukuklary boýunça Ýokary komissarlygynyň Merkezi Aiýa boýunça sebitleýin bölümi tarapyndan gurnaldy.Aşgabatda adam hukuklary boýunça Mekdebiň çäklerinde maýyplygy bolan ýaşlar üçin üçünji okuw geçdi. Ol BMG-nyň adam hukuklary boýunça Ýokary komissarlygynyň Merkezi Aiýa boýunça sebitleýin bölümi tarapyndan gurnaldy.
Çeşme: instagram.com/ohchr_ca

Aşgabatda adam hukuklary boýunça Mekdebiň çäklerinde maýyplygy bolan ýaşlar üçin üçünji okuw geçdi. Ol BMG-nyň adam hukuklary boýunça Ýokary komissarlygynyň Merkezi Aiýa boýunça sebitleýin bölümi tarapyndan gurnaldy.

Okuw oňa gatnaşyjylary döwlet edaralary we dürli halkara gurluşlary tarapyndan maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny öňe sürmek we ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işjeňlik bilen tanyşdyrdy. Hususanda, zähmet we ilaty durmuşy taýdan goramak Ministrliginiň, saglygy goraýyş we derman senagaty Ministrliginiň, Türkmenistanyň Adalatçynyň apparatynyň, BMG-nyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF), «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasynyň işi bilen tanyşdyrdy.

«Maýyplygy bolan ýaşlar üçin adam hukuklary boýunça Mekdep» taslamasyna üstümizdäki ýylyň aprelinde BMG-nyň adam hukuklary boýunça Ýokary komissarlygynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin bölümi tarapyndan badalga berlipdi. Bu başlangyjyň ýerine ýetirilmegi adam hukuklarynyň Ähliumumy jarnamasynyň 75-ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda aýartyn ähmiýete eýedir. Mekdebe 18 sany ýaş adamlar gatnaşýarlar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026