

Aýlag we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň sammiti 19-njy iýulda Jidda şäherinde geçiriler
Saud Arabystany 19-njy iýulda Jidda şäherinde Aýlag we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň sammitini geçirer.


Saud Arabystany 19-njy iýulda Jidda şäherinde Aýlag we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň sammitini geçirer.


Bu mowzuklar Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň (UNWTO) Baş sekretary Zurab Pololikaşwiliniň duşuşygynda esasylaryň biri boldy. Taraplar UNWTO Baş Assambleýasynyň Samarkantda 25 ýyllygynyň mejlisine taýýarlyk we ony geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara forum, 16-20-nji oktýabr aralygynda özbek şäherinde geçiriler diýip, Özbegistanyň prezidentiniň administrasiýasynyň metbugat gullugynyň beýanatynda aýdylýar.


BMG-nyň baş sekretarynyň orunbasary, Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we sosial komissiýanyň (ESKATO) Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahbana Türkmenistanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň 17-nji iýulda ýokary derejedäki Syýasy forumyň çäginde geçirjek ugurdaş çäresine özüniň gatnaşjakdygyny tassyklady.


Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň kanuny we beýleki edaralaryndaky hemişelik ygtyýarlandyrylan wekili Nazarguly Şagulyýew GDA-dan beýleki delegatlaryň düzüminde Belorusdaky BÝGPJ «БелДжи» zawodyna baryp gördi.


Arkadag şäherinde muzeýiň, ýangyn howpsuzlyk gullugynyň täze binalaryny we Saglyk seýilgähini gurmak boýunça bäsleşik yglan edildi. Degişli bildiriş Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi.


Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary Ýuumi Ýeşikawa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet kitaphanasyna iňlis dilindäki 156 sany kitaby dabaraly gowşuryş çäresine gatnaşdy. Bu kitaplar ýapon halkynyň medeniýeti, taryhy we ykdysadyýeti baradadyr diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.


Türkmenistanyň paýtagty – Aşgabat 2023-nji ýylyň noýabr aýynda göreş boýunça dünýä çempionaty kabul eder.


Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Müdiriýetiniň başlygy wezipesine Nökerguly Atagulyýew saýlandy.


Russiýanyň teleradioýaýlymlar Milli birleşmesine Alekseý Malinin baştutanlyk etdi.


Sentýabrda Aziýa-Ýuwaş ummany ýaýlym birleşmesi bilen bilelikde mediaforumy guramaklygyň meseleleri Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky Döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýewiň guramanyň Baş sekretary Ahmed Nadim bilen duşuşygynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.


Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak ýurdumyzyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanowyň Ýewropa toparynyň Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlary boýunça müdirliginiň başlygy Sara Rinaldi bilen duşuşygyň esasy mowzugy boldy.


Türkmenistanda wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça pudagara iş toparynyň ikinji mejlisi, sişenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygynda geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we bölümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar diýip, Türkmen Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.


Şawkat Mirziýoýew Özbegistanda geçirilen prezident saýlawlarynda 87.05% ses bilen ýeňiş gazandy. Merkezi saýlaw topary (MST) sişenbe güni Mirziýoýewi ýurt baştutany wezipesine saýlamak hakynda karar kabul etdi – diýip, MST habar berýär.


Türkmenistanyň wekiliýeti oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministri Çaryýar Çetiýewiň baştutanlygynda ÝHHG-nyň howanyň üýtgemegi boýunça Wenada geçen Maslahatyna gatnaşdy.


«Balam» hususy önümçilik kärhanasy «Suprems Sweets» özbek kompaniýasy we «Ramzi Somon LTD» täjik kärhanasy bilen şertnama gol çekdi. Bu barada «Рысгал» gazetinde habar berilýär.