

Türkmen alymlary iriňli keratiti bejermegiň täze usulyny synag arkaly subut etdiler
Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ylmy-barlag merkeziniň alymlar topary görejiň peselmegine, kähalatda bolsa ýitmegine getirýän göz keselini, iriňli keratiti bejermegiň täze usulyny ulanmagyň mümkindigini synag arkaly subut etdi. Tejribäniň gidişi we netijeleri “Türkmenistanyň lukmançylygy” žurnalynda çap edilen ylmy işde beýan edildi.



















