BMG-nyň adam hukuklary boýunça ýokary komissarlygynyň Merkezi Aziýadaky Müdirliginiň täze sebitleýin wekili bellendi


Matilda Bogner BMG-nyň adam hukuklary boýunça ýokary komissarlygynyň MA Müdirliginiň täze sebitleýin wekili edilip bellendi. Bu barada guramanyň sebtleýin edarasynyň Instagramdaky sahypasynda habar berilýär.
«Men Merkezi Aziýa, dünýäniň ajaýyp sebitine dolanyp gelenime örän şat. Bu ýyl, adam hukuklarynyň Ähliumumy jarnamasyna 75 ýyl dolanda, biziň bu sebitde we bütin dünýäde adam hukuklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň üstünde işlemäge mümkinçiligimiz bar. Biziň BMG-nyň adam hukuklary boýunça ýokary komissarlygynyň Merkezi Aziýadaky Müdirliginiň topary, hyzmatdaşlarymyz we egindeşlerimiz bilen her bir adam üçin azatlygy, deňligi we adalatlygy üpjün etmäge öz goşandymyzy goşup biljekdigimize men ynanýaryn» – diýip, ol belliklerini aýtdy.
Matilda bogner BMG-nyň ulgamynda 2006-njy ýyldan bäri işleýär. Bu onuň BMG-nyň adam hukuklary boýunça ýokary komissarlygynyň Merkezi Aziýadaky sebit bölüminiň başlyklygyna ikinji gezek bellenmegidir. Ozal ol şu agentligiň Ýuwaş ummany sebitindäki we Günorta-Gündogar Aziýadaky edaralaryna wekilçilik edipdi. Matilda Bogner BMG-nyň Liwiýadaky missiýasynyň adam hukuklary, geçiş döwrüniň adalaty we hukuk hökmürowanlygy Bölümine baştutanlyk edipdi, Belorusda BMG-nyň adam hukuklary boýunça uly maslahatçysy bolupdy.
Onuň hukukdan ýokary bilimi bar.
ORIENT habarlar








