HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Belarusyň ilçileri Moskwada söwda, logistika meselelerini maslahatlaşdylar

Ýanwar 25, 2024 | 02:20 |1905
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew we onuň bu ýurtdaky belarus kärdeşi Dmitriý Krutoý 24-nji ýanwarda Moskwada duşuşyk geçirdiler.Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew we onuň bu ýurtdaky belarus kärdeşi Dmitriý Krutoý 24-nji ýanwarda Moskwada duşuşyk geçirdiler.
Çeşme: mfa.gov.by

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew we onuň bu ýurtdaky belarus kärdeşi Dmitriý Krutoý 24-nji ýanwarda Moskwada duşuşyk geçirdiler. Onda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň dürli meseleleri maslahatlaşyldy. Diplomatlar hususanda, iki ýurduň bir-birlerindäki söwda öýleriniň işi barada özara pikir alyşdylar.

Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda, şol sanda GDA-nyň çäklerinde ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän dürli derejedäki özara gepleşikleriniň tertbine hem garaldy. Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň çäklerinde logistika düzümlerini kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerine aýratynlykda garaldy. Bu barada Belarus Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy habar berýär.

2.jpg

Ýurtlaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklar ara alyp maslahatlaşmalaryň ýene-de bir esasy mazmuny boldy. Şunda türkmen talyplarynyň Belarusyň ýokary okuw mekdeplerinde okatmak mümkinçiliklerine hem üns çekildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026