Habarlar

Aşgabatda birinji türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildiAşgabatda birinji türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi

Aşgabatda birinji türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi

Aşgabatda “Mizan” işewürlik merkezinde birinji türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi. Çära ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdy. Söwda-ykdysady, önümçilik, saglygy goraýyş, ulag-logistika, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat ýaly ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegini ara alyp maslahatlaşyldy.

“OGT-2024” ählumumy ünsi özüne çekýär“OGT-2024” ählumumy ünsi özüne çekýär

“OGT-2024” ählumumy ünsi özüne çekýär

Aşgabatda 23-25-nji oktýabr aralygynda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024” (OGT-2024) 29-njy Halkara maslahatynyň we sergsiniň taýýarlyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar. “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleri, Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy hem-de “Türkmengeologiýa” Döwlet konserni tarapayndan guraljak çäre halkara bileleşiginiň ünsüni özüne çekdi.

Gyrgyzystan Hazarüsti geçelgesi we Türkmenistanyň çäginden ýükleri üstaşyr geçirmegiň mümkinçilikleri bilen gyzyklanýarGyrgyzystan Hazarüsti geçelgesi we Türkmenistanyň çäginden ýükleri üstaşyr geçirmegiň mümkinçilikleri bilen gyzyklanýar

Gyrgyzystan Hazarüsti geçelgesi we Türkmenistanyň çäginden ýükleri üstaşyr geçirmegiň mümkinçilikleri bilen gyzyklanýar

Gyrgyz Respublikasynyň Ulag we aragatnaşyk ministriniň orunbasary Bekžan Rysmendeýew öz ýurdunyň Hazarüsti ulag geçelgesiniň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigini we infrastrukturany hem-de multimodal logistikany kämilleşdirmek başlangyçlaryny goldaýandygyny beýan etdi. Bu barada ministr 3-nji oktýabrda Aşgabatda Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça geçirilen ýokary derejeli çärede aýtdy.

SLB - "OGT-2024" XXIX Halkara maslahatynyñ we sergisiniñ bürünç hyzmatdaşySLB - "OGT-2024" XXIX Halkara maslahatynyñ we sergisiniñ bürünç hyzmatdaşy

SLB - "OGT-2024" XXIX Halkara maslahatynyñ we sergisiniñ bürünç hyzmatdaşy

Soñky birnäçe ýyllaryñ içinde energetika pudagy ählumumy üýtgeşmeleri başdan geçirýär: howanyñ üýtgemegine garşy göreşiñ çäginde köp ýurtlar "ýaşyl" energiýany saýlap alýarlar. Energiýanyñ täzeden dikeldilýän çeşmelerine geçmeklik durnukly ösüş ýolunda möhüm ädim boldy. Munuñ bilen baglylykda, howanyñ üýtgemegi we metan zyñyndylaryny peseltmek meseleleri Türkmenistanda geçirilýän halkara energetika maslahatlarynyñ üns merkezinde bolýar.

Hyundai Engineering – Aşgabatda “OGT-2024” nebit-gaz maslahatynyň kümüş hyzmatdaşyHyundai Engineering – Aşgabatda “OGT-2024” nebit-gaz maslahatynyň kümüş hyzmatdaşy

Hyundai Engineering – Aşgabatda “OGT-2024” nebit-gaz maslahatynyň kümüş hyzmatdaşy

Aşgabatda 23-25-nji oktýabr aralygynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024” (OGT-2024) halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Çäre energetika pudagynyň durnukly ösüşine we Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna göni daşary ýurtly maýa goýumlarynyň çekilmegine gönükdirilen sebit dialogynyň pugtalandyrylmagy üçin meýdança bolup, ol dünýä energetikasynda soňky tendensiýalar barada maglumatlary hödürlär.