HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda birinji türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi

Oktýabr 12, 2024 | 21:54 |12508
Aşgabatda “Mizan” işewürlik merkezinde birinji türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi. Çära ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdy. Söwda-ykdysady, önümçilik, saglygy goraýyş, ulag-logistika, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat ýaly ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegini ara alyp maslahatlaşyldy.Aşgabatda “Mizan” işewürlik merkezinde birinji türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi. Çära ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdy. Söwda-ykdysady, önümçilik, saglygy goraýyş, ulag-logistika, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat ýaly ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegini ara alyp maslahatlaşyldy.
Çeşme: cci.gov.tm

Aşgabatda “Mizan” işewürlik merkezinde birinji türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi. Çära ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdy. Söwda-ykdysady, önümçilik, saglygy goraýyş, ulag-logistika, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat ýaly ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegini ara alyp maslahatlaşyldy.

Umumy mejlis bilen başlanan bu çäre, iki ýurduň eksport-import we maýa goýum mümkinçilikleri hem-de ulag-logistika pudagynda hyzmatdaşlyga bagyşlanan iki bölümde dowam etdi.

Şu gün türkmen-mongol ýokary derejeli gepleşikleriniň netijelerinden soň gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçiliklere tarap başlangyç ädim boldy. Bularyň arasynda iki sany hökümetara ylalaşyk – howa gatnawy we halkara awtomobil gatnawy barada, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Mongoliýanyň Milli söwda-senagat edarasynyň arasynda zara düşünüşmek hakynda Ähtnamasy bar.

Weterinariýa we maldarçylyk, azyk we oba hojalygy pudagyndaky hyzmatdaşlyk etmek baradaky gol çekilen şertnamalar Mongoliýadan Türkmenistana ýüň, kaşemir derisi, et we et önümleri, Türkmenistandan Mongoliýa miweler, gök önümler we haly we haly önümlerini ýaly harytlar bilen üpjün etmegiň mümkinçiligini açýar.

Mongol telekeçileri türkmen telekeçileri bilen işewür duşuşyklar geçirdiler, şeýle hem Aşgabadyň dokma toplumy, senagat zolagynyň kärhanalary bilen tanyşdylar hem-de “Arkaç” söwda merkezine Türkmen halysynyň milli haly muzeýine baryp gördüler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026