HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat Buenos-Aýrese türkmen-argentin işewürlik forumyny guramany teklip etdi

Oktýabr 04, 2024 | 15:40 |10177
3-nji oktýabrda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde Türkmenistan bilen Argentina Respublikasynyň arasynda üçinji syýasy geňeşmeleri geçirildi.3-nji oktýabrda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde Türkmenistan bilen Argentina Respublikasynyň arasynda üçinji syýasy geňeşmeleri geçirildi.
Çeşme: orient.tm

3-nji oktýabrda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde Türkmenistan bilen Argentina Respublikasynyň arasynda üçinji syýasy geňeşmeleri geçirildi.

Duşuşykda taraplar söwda, ykdysadyýet, bilim, medeniýet we syýahatçylyk ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna baha berdiler we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar Birleşen Milletler Guramasy ýaly halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar we özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny öwrenmek üçin açyk gepleşikleri geçirmäge meýillidiklerini mälim etdiler diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habarynda aýdylýar.

Şeýle-de geňeşmeleriň dowamynda taraplar medeni alyşmalar meselelerini, şol sanda iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin bilelikdäki çäreleri we maksatnamalary guramak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy indiki syýasy geňeşmeleri geçirmegi, şeýle hem 2025-nji ýylda Aşgabatda türkmen-argentin işewürlik forumyny gurmagy teklip etdi. Şol bir wagtyň özünde iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek teklip edildi.

Ýokarda beýan edilen teklipler Argentina Respublikasynyň wekiliýeti tarapynyň oňyn seslenmesine eýe boldy diýip, diplomatik gullugynyň habarynda bellenilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

23:30 Oktýabr 27, 2026