HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Flandri işewürligi türkmen bazary bilen gyzyklandy: söwda üçin täze mümkinçilikler

Oktýabr 09, 2024 | 21:00 |7582
Şu hepde Belgiýadan gelen flaman Maýa goýum we söwda gullugynyň (FIT) sebitleýin missiýasynyň başlygy Piter Werplanken Türkmenistana sapar edýär. Onuň saparynyň maksady Flandriýa bilen Türkmenistanyň arasynda göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin mümkinçilikleri gözlemekden ybaratdyr.Şu hepde Belgiýadan gelen flaman Maýa goýum we söwda gullugynyň (FIT) sebitleýin missiýasynyň başlygy Piter Werplanken Türkmenistana sapar edýär. Onuň saparynyň maksady Flandriýa bilen Türkmenistanyň arasynda göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin mümkinçilikleri gözlemekden ybaratdyr.
Çeşme: flandersinvestmentandtrade.com

Şu hepde Belgiýadan gelen flaman Maýa goýum we söwda gullugynyň (FIT) sebitleýin missiýasynyň başlygy Piter Werplanken Türkmenistana sapar edýär. Onuň saparynyň maksady Flandriýa bilen Türkmenistanyň arasynda göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin mümkinçilikleri gözlemekden ybaratdyr.

Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna sapary

Saparyň maksatnamasy boýunça Werplanken ilki bilen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna baryp gördi we ol ýerde portuň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi. Bu strategiki ugur, logistika boýunça gatnaşyklaryny berkitmek we iki sebitiň arasynda söwda akymlaryny giňeltmek üçin ähmiýetli bolup biler.

Paýtagtdaky gepleşikler

Soňra Werplanken Aşgabatda birnäçe duşuşyklary şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde maslahatlaşmalary geçirdi. Bu duşuşyklar iki tarapyň hem ykdysady ugurda has ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan islegini görkezýär.

Çarşenbe güni, 9-njy oktýabrda Peter Werplanken Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde garşy alyndy, bu ýerde iki ýurduň kompaniýalarynyň arasynda aragatnaşyklary ýola goýmak baradaky teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Werplanken, Türkmenistan öz çeşmelerini we bilimlerini hödürlemäge taýyn Belgiýanyň işewürleri üçin ösýän mümkinçilikleri bolan gyzykly bazary hödürleýändigi aýtdy.

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginde ulag we infrastruktura pudagyndaky bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hyzmatdaşlygyň ugurlary

Saparyň dowamynda Werplanken oba hojalygy, energetika, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň wekilleri bilen duşuşyp, bu möhüm pudaklarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak islegini görkezdi Özara gatnaşyklaryň aýratyn ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak iki sebitde-de işewürlik üçin täze gözýetimleri açýar.

Flanders Investment & Trade barada

Flanders Investment & Trade (FIT) Flandri hökümetiniň halkara ykdysady syýasatynda möhüm orny eýeleýär oýnaýar. Gurama, maşyn gurluşygy, derman senagaty, gurluşyk, maglumat tehnologiýasy, himiýa senagaty, dokma önümçiligi, şol sanda haly önümleri öndürýän on müňlerçe söwda kompaniýasyny we kärhanasyny birleşdirýär. FIT maslahat beriş, bazar maglumatlary we halkara söwda wekilhanalaryny öz içine alýan hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýär.

Peter Werplanken, Flandriýanyň maýa goýum we söwda agentliginiň Stambuldaky edarasynyň ykdysady we söwda geňeşçisi wezipesini ýerine ýetirýär. Ol Türkiýede, Azerbaýjanda, Türkmenistanda we Gruziýada söwda we maýa goýumlary bilen baglanyşykly meselelere jogap berýär.

Medeni maksatnama

Işewür ýygnaklardan başga-da, Peter Werplanken üçin Türkmen halysynyň milli muzeýine|, “Nusaý” döwlet medeni-taryhy goraghanasyna, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna we Türkmenistanyň Döwlet muzeýine baryp görmek üçin medeni maksatnama guraldy.

Werplankeniň Türkmenistana bolan sapary iki tarapyň hem özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek we hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikler tapmak islegini tassyklaýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026
Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

17:45 Iýun 26, 2026