

Yslamabatda hyzmatdaşlyk barada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri bilen bilermenler dialogy geçirildi
6-njy fewralda Yslamabadyň Sebit öwreniş institutynda (IRSI) “Sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça ilçileriň dialogy” atly tegelek stol geçirildi


6-njy fewralda Yslamabadyň Sebit öwreniş institutynda (IRSI) “Sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça ilçileriň dialogy” atly tegelek stol geçirildi


Nowgorodyň eksporty goldaw merkezi sebit telekeçileri üçin Russiýanyň Türkmenistandaky Söwda wekilçiligi bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirer. Ol 25-nji fewralda geçiriler we Nowgorodyň telekeçileriniň mart aýynda meýilleşdirilýän Türkmenistana işewürlik saparyna taýýarlyga gönükdirilendir


Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Azizbek Madmarow 4-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşdy


Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.


Türkmenistan bilen Özbegistanyň gümrük gulluklarynyň arasynda geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly maslahatda "Farap awtoýollary–Alat" barlag-geçiriş nokadynyň geçirijilik ukybyny has-da artdyrmak kararyna gelindi. Taraplar gümrük amallaryny gowulandyrylmagyny we tejribe alyşmak boýunça bilelikdäki çäreler barada ylalaşdylar


Russiýanyň, Eýranyň we Azerbaýjanyň DIM-niň, Ulag ministrliginiň, Energetika ministrliginiň we Gümrük gullugynyň ýolbaşçylary ýakyn wagtda, Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň Raşt – Astara demir ýol şahasynyň gurluşygynyň gidişini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşarlar


Gazagystan Respublikasynyñ daşary işler ministri, premýer-ministriñ orunbasary Murat Nurtleu Gazagystan bilen Türkmenistanyñ üstaşyr babatda bilelikdäki möhüm taslamalary barada aýtdy diýip, Kazinform habar berýär.


Türkmen tarapy Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagyň Tehniki şertlerine gol çekdi.


Eýranyň häzirki ýylynyň 9 aýy boýunça (2024-nji ýylyň 20-nji marty- 20-nji dekabry) Türkmenistana eýran nebit däl önümleriniň eksporty geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende (2023-nji ýylyň 21-nji marty – 21-nji dekabry) nyrh görkezijisinde 20,3 %, agram babatda 12,9 % ýokarlandy.


2024-2025-nji ýyllaryň ösümlikleriň ösüşara möwsümleriniň aralygynda Syrderýa we Amyderýa derýalarynyň jülgelerindäki suw howdanlarynyň iş tertibi we çäkleri Täjigistanyň Duşanbe şäherinde 2025-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda geçirilen Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň (DUSHT) 88-nji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy


Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky täze “Galkynyş” töleg ulgamyny işläp taýýarlady. Munuň özi edaralardyr şahsy taraplar üçin döwrebap bank hyzmatlaryna elýeterliligini giňeltmäge we ýurtdaky maliýe amallarynyň netijeliligini artdyrmaga ýardam berer


Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky, sekizinji mejlisi 19-20-nji fewralda geçiriler. Bu möhüm waka, söwda we ykdysady ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolar


Özbek metbugatynyň habarlaryna görä, 2024-nji ýylda Özbegistan gazyň arassa importçysy bolmagyny dowam etdirip, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, tebigy gaz satyn alyşyny 2,4 esse artdyrdy. Milli statistika Agentliginiň maglumatlaryna görä, Türkmenistandan we Russiýadan jemi gaz importy 1,67 milliard dollara ýetdi


Türkmen-german hyzmatdaşlygyny giňeltmek we sebit derejesinde göni gatnaşyklary ýola goýmak mümkinçilikleri Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsuly Myrat Özbekbaýewiň Saarland federal ýerine bolan iş sapary wagtynda ara alnyp maslahatlaşyldy


Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň 30-njy ýanwarda geçiren maslahatynda öňe sürlen täze başlangyçlar, oba hojalygyny ösdürmek, önümçiligi artdyrmak we oba ilaty üçin täze iş orunlaryny döretmek maksadyny göz öňünde tutýar