HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 24 geleşik hasaba alyndy

Mart 17, 2025 | 14:18 |2591
Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda 24 geleşik hasaba alyndy.Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda 24 geleşik hasaba alyndy.
Çeşme: exchange.gov.tm

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda 24 geleşik hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” Döwlet konserniniň tehnologiki desgalarynda işlenilen uçar kerosini, suwuklandyrylan gazy, şeýle hem “Türkmenhimiýa” DK-niň önümi bolan ECO 93 kysymly awtoulag benzini satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nebit ýol bitumy (“Türkmennebit” DK), gazbeton bloklary, şeýle hem buýan köküniň goýaldylan ekstrakty, agardylmadyk flanel matasy, nah ýüplügi ýerlenildi. Satyn alyjy-ýurtlar: Hytaý, Owganystan, Serbiýa, Özbegistan, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy 59 mln 651 müň ABŞ dollaryndan geçdi.

Içerki bazara ýerli işewürler umumy bahasy 51 mln 350 müň manada barabar bolan nebit ýol bitumyny we esas ýagyny (“Türkmennebit” DK) satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026