Habarlar

RF-niň prezidentiniň tabşyrygy boýunça Wolga-Hazar deňiz kanaly çuňlaşdyrylarRF-niň prezidentiniň tabşyrygy boýunça Wolga-Hazar deňiz kanaly çuňlaşdyrylar

RF-niň prezidentiniň tabşyrygy boýunça Wolga-Hazar deňiz kanaly çuňlaşdyrylar

Gämi gatnawly Wolga-Hazar deňiz kanalynda gämileriň suwa çümýän böleginiň 4,5 metr derejä ýetirilip, has oňaýly geçijiligini üpjün etmek üçin 2023-nji ýylda suwuň düýbüni çuňlaşdyrmak işlerine başlanylar. Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ministrler Kabinetine we Astrahan oblastynyň hökümetine bu taslamany bilelikde durmuşa geçirmegi tabşyrdy. Degişli resminama Kremliň saýtynda ýerleşdirildi.

Türkmenistanyň üstünden geçýän “Demirgazyk-Günorta” HUG boýunça ýük akymy birnäçe esse artýarTürkmenistanyň üstünden geçýän “Demirgazyk-Günorta” HUG boýunça ýük akymy birnäçe esse artýar

Türkmenistanyň üstünden geçýän “Demirgazyk-Günorta” HUG boýunça ýük akymy birnäçe esse artýar

Türkmenistanyň üstünden geçýän “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň günorta ugry boýunça yzygiderli ösüş bellige alyndy. Eger 2021-nji ýylda onuň üstünden 700 tonna ýük daşalan bolsa, 2022-nji ýylyň 11 aýynda Eýran, Günorta Aziýa we Pars aýlagynyň ýurtlary bilen gatnawda 62 müň tonna golaý we 220 konteýnerler daşaldy. Şeýle maglumatlar RF-niň hökümetiniň saýtynda getirilýär. Şonda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň ýakynda geçen mejlisi baradaky hasabat ýerleşdirilipdir.

Türkmenistan gyrgyzystanly awtoulag ýük daşaýjylaryna port hyzmatlary üçin ýeňillikler bererTürkmenistan gyrgyzystanly awtoulag ýük daşaýjylaryna port hyzmatlary üçin ýeňillikler berer

Türkmenistan gyrgyzystanly awtoulag ýük daşaýjylaryna port hyzmatlary üçin ýeňillikler berer

Türkmenistan Gyrgyzystany üstaşyr ýükler boýunça port hyzmatlary üçin ýeňillikli nyrhlar bilen üpjün etmäge taýýardyr. Şonuň bilen birlikde, awtoulag ýük daşaýjylaryndan alynýan üstaşyr ýygymlary ýatyrmak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu barada Gyrgyzstan Respublikasynyň Transport ministrliginiň web sahypasynda sişenbe güni çap edilen Gyrgyzystanyň Ulag we aragatnaşyk ministri Tilek Tekebaýewiň Türkmenistana iş sapary baradaky hasabatynda habar berilýär.