Habarlar

Azizi: Kabul serhetüsti suwlardan peýdalanmakda özara ylalaşyk ýörelgelerinden ugur alarAzizi: Kabul serhetüsti suwlardan peýdalanmakda özara ylalaşyk ýörelgelerinden ugur alar

Azizi: Kabul serhetüsti suwlardan peýdalanmakda özara ylalaşyk ýörelgelerinden ugur alar

Serhetüsti suw çeşmelerini ulanmak we owgan halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmak üçin niýetlenen suw desgalaryny gurmak meselesinde Kabul, elbetde, goňşy ýurtlar bilen özara razylyk, aç-açanlyk we deňlik ýörelgelerinden ugur alar diýip, Owganystanyň Senagat we söwda ministri Nuruddin Azizi, 4-nji martda Aşgabatda geçirilen türkmen-owgan işewür forumynda aýtdy.