HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti Tbiliside geçirilýän AÖB-nyň 57-nji duşuşygyna gatnaşýar

Maý 04, 2024 | 20:40 |11698
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary M.Orazdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Aziýa Ösüş Bankynyň her ýylky 57-nji duşuşygyna gatnaşýar.Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary M.Orazdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Aziýa Ösüş Bankynyň her ýylky 57-nji duşuşygyna gatnaşýar.
Çeşme: Embassy of Turkmenistan in Georgia

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary M.Orazdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Aziýa Ösüş Bankynyň her ýylky 57-nji duşuşygyna gatnaşýar.

2024-nji ýylyň 2–5-nji maýy aralygynda “Geljegiň köprüsi” atly bu forum Tbilisi şäherinde ilkinji gezek geçirilýär.

Oňa AÖB-nyň 68 sany agza ýurtlaryndan 4000-e golaý wekil, şol sanda AÖB-nyň prezidenti Masasugu Asakawa, maliýe ministrleri, merkezi banklaryň dolandyryjylary, ýokary derejeli hökümet işgärleri, şeýle hem hususy pudagyň, ylmy jemgyýetiň we KBHS-nyň wekilleri gatnaşýarlar.

IMG-5035.jpg

Gatnaşyjylar howanyň üýtgemegi, emeli intellekt, ýaşyl globallaşma, ykdysady ýagdaýlar, sebit hyzmatdaşlygy hem-de Aziýa we Ýuwaş ummany sebitiniň ösüşiniň we beýleki birnäçe esasy meselelere seredýärler.

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň işjeň ösüşini, şeýle hem 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ýokarlandygyny belläp geçmelidiris. Forumyň çäginde dürli çäreler, seminarlar we çykyşlar gurnalar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026