Habarlar

Türkmenistan daşary ýurt  rus teatrlarynyň 16-synyň arasynda 2023-nji ýylyň "Uly gastrollar" taslamasyna gatnaşýarTürkmenistan daşary ýurt  rus teatrlarynyň 16-synyň arasynda 2023-nji ýylyň "Uly gastrollar" taslamasyna gatnaşýar

Türkmenistan daşary ýurt rus teatrlarynyň 16-synyň arasynda 2023-nji ýylyň "Uly gastrollar" taslamasyna gatnaşýar

2023-nji ýylda “Uly gastrollar” maksatnamasyna daşary ýurtlardaky rus teatrlarynyň 16-sy gatnaşar. Olaryň arasynda Günorta Osetiýadan, Abhaziýadan, Gazagystandan, Belarusdan, Ermenistandan, Özbegistandan we Türkmenistandan döredijilik toparlary bolar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministriniň orunbasary Alla Manilowa anna güni Rus teatrlarynyň “Russiýada duşuşyklar. Bilelikde 25 ýyl” atly halkara festiwalynyň açylyyna bagylanyp geçirilen umumy mejlisde mälim etdi. Forum 7-8-nji aprelde Sankt-Peterburgyň “Baltiýskiý dom” teatrynda geçirilýär.

Almaty 2023-2024-nji ýyllar üçin ŞHG-nyň medeni paýtagty bolarAlmaty 2023-2024-nji ýyllar üçin ŞHG-nyň medeni paýtagty bolar

Almaty 2023-2024-nji ýyllar üçin ŞHG-nyň medeni paýtagty bolar

Almaty 2023-2024-nji ýyllar üçin ŞHG-nyň medeni we syýahatçylyk paýtagty bolar. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeniýet ministrleri Gazagystanyň Medeniýet we sport ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Ashat Oralowyň ŞHG-nyň medeniýet ministrleriniň onlaýn ýygnagynda şähere täze dereje bermek barada öňe süren teklibini goldadylar – diýip, “Kazinform” Halkara habarlar agentligi habar berýär.

«Pişigiň öýi» mýuzikliň ilkinji görkezilşi aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde «ArtIst» teatrynda geçer«Pişigiň öýi» mýuzikliň ilkinji görkezilşi aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde «ArtIst» teatrynda geçer

«Pişigiň öýi» mýuzikliň ilkinji görkezilşi aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde «ArtIst» teatrynda geçer

Şadyýan, özüne çekiji we çagalykdan bäri hemmelere tanyş «Pişigiň öýi» ertekisi paýtagtyň «ArtIst» teatryndaky çagalar teatrynyň studiýasynyň repertuaryna ýene-de «gaýdyp geler». Gurnagyň okuwçylary 2-nji aprelde Samuil Marşagyň meşhur pýesasy esasynda döredilen mýuzikliň premýerasyny görkezerler. Spektaklyň täze görnüşi ajaýyp saz teatrynyň dünýäsine «çümüş» ýaly bolar we ýaş tomaşaçylary hem-de ululary biperwaý galdyrmaz.