HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Dostlaryň sesleri» bäsleşigi şahyrlary we suratçylary döredijilik bäsleşigine çagyrýar

Aprel 06, 2023 | 21:12 |13435
“Voices of Friends: Poetry and Arts” – «Dostlaryň sesleri» halkara bäsleşigiň guramaçylary döredijilikli we zehinli adamlary, şahyrlary we suratçylary ýaryşa gatnaşmaga çagyrýar.“Voices of Friends: Poetry and Arts” – «Dostlaryň sesleri» halkara bäsleşigiň guramaçylary döredijilikli we zehinli adamlary, şahyrlary we suratçylary ýaryşa gatnaşmaga çagyrýar.
Çeşme: el.kz

“Voices of Friends: Poetry and Arts” – «Dostlaryň sesleri» halkara bäsleşigiň guramaçylary döredijilikli we zehinli adamlary, şahyrlary we suratçylary ýaryşa gatnaşmaga çagyrýar.

Şygyryýet, edebi eser üçin illýustrasiýa, surat (žiwopis we grafika) we çeper fotosurat ýaly ugurlarda işleriňizi iberip bilersiňiz.

Şahyrlar öz edebi eserlerini 14 diliň birinde - rus, iňlis, azerbaýjan, ermeni, belarus, gazak, gyrgyz, rumyn, täjik, tatar, türkmen, özbek, ukrain, ýakut dillerinde iberip bilerler. Ondan başga-da, bäsleşigiň işleri ozal iňlis dilinde çap edilmedik bolmaly.

«Dostlaryň sesleri» bäsleşigi 2021-nji ýylda Ýewraziýa döredijilik gildiýasy tarapyndan esaslandyryldy we köp dilli bolup durýar. Gatnaşýanlar Gildiýa taslamalarynyň çäginde döredijilik adamlary bilen duşuşyp, işlerini tutuş Ýewraziýa sebitine görkezip bilerler.

Ýeňiji islendik kategoriýada grant alýar we onuň işi, dünýäniň 40 ýurdundan awtorlaryň iň gowy eserlerini görkezýän almanah «Dostlaryň sesleri» neşrinde çap edilýär. Žurnal Londonda çapdan çykýar, tanyşdyryş çäresi bolsa Gazagystanda «Dostlaryň sesleri» festiwalynda we Londonda «Açyk Ýewraziýa halkara edebiýat festiwalynda» geçirilýär.

Guramaçylar, 2023-nji ýylda festiwala gelen, bäsleşige gatnaşan ähli şahyrlaryň ýörite baýragy – Warwara Ýurkowskaýa-Nawrotskaýa adyndaky medaly aljakdygyny habar berdiler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar 2023-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli kabul edilýär. Döredijilik bäsleşiginiň şertleri bilen şu ýerde tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026