

"Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny" bellemek dabarasy ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna girer
ÝUNESKO 2024-2025-nji ýyllarda guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde agza döwletler tarapyndan teklip edilen 46 sanly senäni bellemek dabarasyna gatnaşar. Bu sanawa Türkmenistan tarapyndan hödürlenen "Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy" hem goşular. Teklip Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe, Özbegistan we Ukraina tarapyndan goldanyldy. Bu barada Türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.



















