HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenbaşyly ýaş bagşy Bakuda geçirilen çagalar mukam festiwalynda birinji ýeri eýeledi

Maý 21, 2023 | 22:34 |11735
20-nji maýda Baku şäherinde XIII Halkara çagalar mukam festiwaly geçirilip, oňa
ýedi ýurtdan gelen zehinli çagalar ýygnandy. Türkmenistan, däp bolşy ýaly, bu ýyl hem
çagalaryň aýdym-saz döredijiliginiň forumyna gatnaşdy - bu ýyl ýurdumyza milli ýerine
ýetiriş sungaty däpleriniň üç mirasdüşeri wekilçilik etdi.20-nji maýda Baku şäherinde XIII Halkara çagalar mukam festiwaly geçirilip, oňa
ýedi ýurtdan gelen zehinli çagalar ýygnandy. Türkmenistan, däp bolşy ýaly, bu ýyl hem
çagalaryň aýdym-saz döredijiliginiň forumyna gatnaşdy - bu ýyl ýurdumyza milli ýerine
ýetiriş sungaty däpleriniň üç mirasdüşeri wekilçilik etdi.
Çeşme: orient.tm

20-nji maýda Baku şäherinde XIII Halkara çagalar mukam festiwaly geçirilip, oňa ýedi ýurtdan gelen zehinli çagalar ýygnandy. Türkmenistan, däp bolşy ýaly, bu ýyl hem çagalaryň aýdym-saz döredijiliginiň forumyna gatnaşdy - bu ýyl ýurdumyza milli ýerine ýetiriş sungaty däpleriniň üç mirasdüşeri wekilçilik etdi.

Festiwalyň netijelerine görä, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Söýün Orazdurdyýew 1-nji ýeri eýeledi we diplom hem-de pul baýragy bilen sylaglandy. Şeýle hem, oňa Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministriniň adyndan ýörite diplom gowşuryldy.

2.jpg

Söýün birinji ýeri türkiýeli ýaşytdaşy bilen paýlaşdy, festiwalyň gran-pri baýragy bolsa azerbaýjanly ýaş sazanda gowşuryldy. 2-nji ýere Eýrandan we Özbegistandan gelen iki bagşy, üçünji orna gazagystanly, gyrgyzystanly we azerbaýjanly zehinleriň üçüsi mynasyp boldular.

Mundan başga-da, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite aýdym-saz mekdep-internatynyň 8-nji synp okuwçysy Sähetnazar Garaýew Azerbaýjanyň Yaşlar we sport ministriniň diplomy bilen sylaglandy.

3.jpg

Festiwal Azerbaýjanyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň we beýleki pudaklaýyn edaralarynyň goldawy bilen Kainat Ýaşlar merkezi tarapyndan halk aýdym- sazynyň nusgawy žanrlaryny gorap saklamak, ýaş zehinleri ýüze çykarmak, halkara medeni alyş-çalyş we ýaş nesliň arasynda döredijilik aragatnaşygyny höweslendirmek maksady bilen gurnaldy.

Ýeri gelende aýtsak, 18-nji iýundan 25-nji iýuna çenli Azerbaýjanda uly ýaşly zehinleriň gatnaşmagynda “Mukam dünýäsi” VI halkara festiwaly geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

10:30 Sentýabr 03, 2026
ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

19:00 Sentýabr 02, 2026
Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

17:58 Sentýabr 02, 2026