Türkmenistan Daşkentde geçirilýän "Ýewraziýa" teatr sungaty halkara festiwalyna gatnaşýar


Daşkent şu günler uly döredijilik meýdançasyna öwrüldi - 22-nji maýdan 28-nji maý aralygynda bu ýerde "Ýewraziýa" Halkara teatr sungaty festiwaly geçirilýär. Azerbaýjandan, Belarusdan, Gruziýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Türkmenistandan, Täjigistandan, Türkiýeden we Özbegistandan gelen döredijilik toparlary öz sungat başarnyklaryny özbek halkyna hödürlärler.
Döredijilik taslamasynyň esasy maksady teatr we sungat pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, Özbegistan bilen daşary ýurtlaryň arasyndaky jemgyýetçilik we medeni we ynsanperwerlik we halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak, ýeke-täk medeni platformany döretmekden ybarat.
Spektakllaryň hemmesi dürli ugurlar boýunça bahalandyrylar. Bilermenler toparynyň netijesine görä, gatnaşyjylara heýkeller we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar – diýip, uza.uz habar berýär.
ORIENT news








