HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Sazlaşygyň ýesirliginde»: Aşgabatda Marynyň suratkeşleriniň sergisi açyldy

Maý 24, 2023 | 16:48 |10494
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sergi merkeziniň paýtagtdaky galereýasynda «Sazlaşygyň ýesirliginde» atly sergi açyldy.Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sergi merkeziniň paýtagtdaky galereýasynda «Sazlaşygyň ýesirliginde» atly sergi açyldy.
Çeşme: awtoryňky

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sergi merkeziniň paýtagtdaky galereýasynda «Sazlaşygyň ýesirliginde» atly sergi açyldy.

Iki gatda hem maryly suratkeşler Şöhrat Berdiýewiň, Mergen Akmämedowyň we Gurbandurdy Tirkeşowyň özleri bilen getiren işleriniň 200-den gowragy ýerleşdirildi.

Suratlaryň her birinde sungaty kabul etmegiň aýratyn konsepsiýasy şöhlelenýär, ol gündelik ýaşaýşyň dürli meselelerine dürli jogaplaryň gözlegi bilen düşündirilýär.

Serginiň açylyş dabarasynda maryly suratkeşler hormatly diplomlar we gymmatbahaly sowgatlar bilen sylaglandylar. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow sungat ussatlarynyň hünär gözýetimine ünsi çekdi, olara öz suratlarynda gadymy ýadygärlikleri we taryhy ajaýyp ýerleri bermek başardypdyr.

Begenç Akmämmedowyň «Ene» ýa-da Şöhrat Berdyýewiň «Dileg» suratlary tomaşaçylarda dürli duýgulary we baglanyşyklary döretmäge ukyply, şol bir wagtyň özünde suratkeşleriň beýleki işleri özüniň gözelligi we tehniki ussatlygy bilen ünsi çekýär.

Sergi diňe bir sungatda öz işine ökdeleriň arasynda däl, eýsem giň köpçülikde hem uly täsir döretdi.

Maryly suratkeşleriň eserleriniň sergisi birinji iýuna çenli dowam eder.

Artur PETROSÝANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026