Habarlar

Meşhur heýkeltaraş Zurab Seretelliniň “Dutaryň owazlary” VIII Moskwanyň halkara festiwalyna gatnaşyjylaryna gutlag söziMeşhur heýkeltaraş Zurab Seretelliniň “Dutaryň owazlary” VIII Moskwanyň halkara festiwalyna gatnaşyjylaryna gutlag sözi

Meşhur heýkeltaraş Zurab Seretelliniň “Dutaryň owazlary” VIII Moskwanyň halkara festiwalyna gatnaşyjylaryna gutlag sözi

Şu ýylyň 28-nji oktýabr – 3-nji noýabr aralygynda geçiriljek Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazlary” VIII Moskwanyň halkara festiwalynyň başlanmagyna bir aýdan az wagt galdy. Festiwalyň guramaçylarynyň we oňa gatnaşyjylarynyň adyna gutlaglar gelip gowuşýar. Meşhur gruzin we rus suratkeşi, heýkeltaraşy we pedagogy Zurab Seretelli hem öz ýakymly gutlag sözlerini ýollady. Aşakda onuň gutlagy dolulygyna getirilen.

Tbiliside Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildiTbiliside Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Tbiliside Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäklerinde, Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň gruzin diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi. Bu kitaby Gruziýanyň ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň başlygy Makwala Gonaşwili terjime etdi.

Türkmen sazandalary “Sinandali” nusgawy saz festiwalyna gatnaşýarlarTürkmen sazandalary “Sinandali” nusgawy saz festiwalyna gatnaşýarlar

Türkmen sazandalary “Sinandali” nusgawy saz festiwalyna gatnaşýarlar

31-nji awgustdan 8-nji sentýabra çenli Gruziýada 6-njy “Sinandali” nusgawy saz festiwaly geçirilýär. 2019-njy ýyldan bäri Gruziýanyň ajaýyp welaýatlarynyň biri bolan Kahetiýanyň Sinandali mülkünde ýylsaýyn geçirilýän bu festiwal dünýä belli sazandalaryň, orkestrleriň we artistleriň gatnaşmagynda Ýewropanyň we Aziýanyň nusgawy sazynyň meýdançasy hasaplanylýar.

Türkmen saz sungatyny öwrenijiniň kitaby halkara ylmy neşirde çap edildiTürkmen saz sungatyny öwrenijiniň kitaby halkara ylmy neşirde çap edildi

Türkmen saz sungatyny öwrenijiniň kitaby halkara ylmy neşirde çap edildi

Türkmen sazy taryhyň ähli döwürlerinde alymlary, syýahatçylary, kompozitorlary, suratkeşleri we ýazyjylary özüne çekip, olara ylham beren halk sungatynyň hazynasydyr. Türkmenleriň sazçylyk mirasy hemişe dutar bilen çalynyp ýerine ýetirilýän parasatly nakyllary we tapmaçalary, şadyýan we gynançly däp aýdymlaryny, we taryhy gahrymanlaryň şöhratly edermenliklerini beýan edýän bagşylaryň söýgi, dabaraly we gahrymançylykly eposlaryny we destanlaryny öz içine alýar. Bu edebiýatyň halkyň wagtyny hoş geçirmeginiň netijesi bolandyr diýip pikir etmek ýalňyşdyr.

Moskwada “Dutaryň owazlary” festiwalynyň ýeňijileriniň we eminleriniň gatnaşmagynda konsert geçirilerMoskwada “Dutaryň owazlary” festiwalynyň ýeňijileriniň we eminleriniň gatnaşmagynda konsert geçiriler

Moskwada “Dutaryň owazlary” festiwalynyň ýeňijileriniň we eminleriniň gatnaşmagynda konsert geçiriler

“Dutaryň mukamlary” VIII festiwalyna tarap” – 15-nji sentýabrda Moskwada Russiýanyň çeperçilik akademiýasynyň Muzeý-sergi toplumynda geçiriljek konsertiň ady bolup, ol şu ýylyň 28-nji oktýabr – 3-nji noýabr aralygynda geçirilýän Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazlary” atly Moskwanyň VIII halkara sungat fesitwalynyň özboluşly başlangyjy bolar.