HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

GDA ýurtlary Açyk Ýewraziýa kino baýragyna gatnaşmak üçin çagyrylýar

Sentýabr 18, 2024 | 19:30 |13629
Russiýanyñ Medeniýet ministri Olga Lýubimowa GDA ýurtlaryny ilkinji gowşurylyş dabarasy 2025-nji ýylyñ oktýabr aýynda geçiriljek Açyk Ýewraziýa kino baýragyna gatnaşmak üçin çagyrdy.Russiýanyñ Medeniýet ministri Olga Lýubimowa GDA ýurtlaryny ilkinji gowşurylyş dabarasy 2025-nji ýylyñ oktýabr aýynda geçiriljek Açyk Ýewraziýa kino baýragyna gatnaşmak üçin çagyrdy.
Çeşme: ritmeurasia.ru

Russiýanyñ Medeniýet ministri Olga Lýubimowa GDA ýurtlaryny ilkinji gowşurylyş dabarasy 2025-nji ýylyñ oktýabr aýynda geçiriljek Açyk Ýewraziýa kino baýragyna gatnaşmak üçin çagyrdy.

"Petergof" muzeý-goraghanasynda geçirilen GDA gatnaşyjy ýurtlarynyñ medeni hyzmatdaşlygy boýunça geñeşiniñ XXXIX mejlisinde çykyş edip, Lýubimowa Açyk Ýewraziýa kino baýragyny döretmek başlangyjy eýýäm Hytaý halk respublikasy tarapyndan goldanylandygy barada belledi. "Hyzmatdaşlyk we bilelikdäki taslamalaryñ döredilmegi üçin mümkinçilikleri açyp berýän täze guralyna GDA gatnaşyjy ýurtlarynyñ goşulyşmagyna biz şat bolarys" - diýip, ministr belledi.

Mejlisde Russiýa Federasiýasynyñ kinematografiýa birleşiginiñ başlygy Nikita Mihalkowyñ Ýewraziýa kino akademiýasyna we onuñ baýragyna bagyşlanan wideo ýüzlenmesi diñlenildi diýip, "TASS" habar berýär. "Akademiýa biz, dürli ýurtlardan dürli adamlar üçin taryhymyz, medeniýetimiz, däp-dessurlarymyz bilen baglanyşykly mizemez gymmatlyklaryna uýar. Biz hem sizi bu dabara gatnaşmaga çagyrýarys" - diýip, Nikita Mihalkow aýtdy.

Mejlise gatnaşyjylar tarapyndan görkezilen tanyşdyrylyş wideo ýazgysynda baýragyñ pul görnüşinde boljakdygy bellenildi. Iñ gowy film 1 mln $, beýleki ugurlar boýunça ýeñijiler 250 müñ $ pul baýraklaryna mynasyp bolarlar. Her gatnaşyja "Göwher kebelek" heýkeljigi gowşurylar.

Ýewraziýa akademiýasyny we "Oskar" baýragyna meñzejek kino baýragyny döretmek başlangyjy bilen 2022-nji ýylda režissýor Nikita Mihalkow çykyş etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hazarüsti ugry we “Global Gateway” maýa goýumlary — Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Lýuk Dewin ORIENT neşirine interwýu berdi

Hazarüsti ugry we “Global Gateway” maýa goýumlary — Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Lýuk Dewin ORIENT neşirine interwýu berdi

04:00 Oktýabr 28, 2026
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026