

Astrahanda "Hazar möwsümleri" festiwalynda Türkmenistanyñ güni bellenildi
24-nji awgust, şenbe güni Astrahanda "Hazar möwsümleri" nusgawy sungat festiwalynyñ çäklerinde Türkmenistanyñ güni bellenildi.


24-nji awgust, şenbe güni Astrahanda "Hazar möwsümleri" nusgawy sungat festiwalynyñ çäklerinde Türkmenistanyñ güni bellenildi.


Döwlet medeniýet merkeziniñ Mukamlar köşgünde "Çalsana, bagşy!" saz bäsleşiginiñ jemleýji tapgyry geçirildi.


21-nji awgustda Moskwanyň konserwatoriýasynyň Rahmaninow zalynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen agşamda Gündogaryň beýik şahyryň we akyldaryň goşgularynyň baky müdimi setirleri ýaňlandy.


Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň Mahabat müdirliginiň stendiniň guramaçylary Röwşen Welmiýew we Orazgeldi Ahunow şu gün Aşgabatda öz işini tamamlan Kids Expo sergi-ýarmarkasyna gelen myhmanlarynyň ünsüni çekmek üçin uly iş bitirdiler.


Aşgabatly çagalarynyň soňky dynç alyş günleri Kids Expo göwrümli sergi-ýarmarkasy bilen häsiýetlendirildi. Beýleki pawilýonlar bäsleşiklere, ýaryşlara, oýunlara, we ussatlyk sapaklara üns beren bolsalar, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň mahabat dolandyrmak pawilýony özboluşly aýratynlyk bilen tapawutlandy.


Saud Arabystan Patyşalygy Er-Riýadda Luwra meňzeş çeperçilik galereýasyny gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada Prinston uniwersitetiniň Ýakyn Gündogar barlag kafedrasynyň professory Bernard Heýkeliň sözlerine salgylanyp, The Times habar berýär. Professor Heýkel Saud Arabystan Patyşalygynyň mirasdüşer şazadasy Muhammet ben Salman Al Saudyň dostudyr.


Türkmen sazandalarynyň wekiliýeti Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp geçirilýän “Magtymguly sözlär dili türkmeniň” atly dabaraly konserte gatnaşmak üçin Moskwa şäherine bardylar.


Ýene birnäçe günden, 21-nji awgustda P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwanyň döwlet konserwatoriýasynyň Rahmaninow zalynda “Magtymguly sözlär dili türkmeniň” atly konsert geçiriler.


Özbegistan Respublikasynyñ Çeperçilik Akademiýasynda Gündogaryñ beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyñ doglan günuniñ 300 ýyllygyna bagyşlanan türkmen suratkeşleriniñ işleriniñ sergisi açyldy.


Ukrainanyň çäginde we ondan daşarda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we olaryň işgärleriň işi hem-de durmuşy, şeýle hem syýasat, ykdysadyýet, işewürlük we medeniýet mowzuklary boýunça makalalary neşir edýän Ukrainanyň meşhur «Kyiv Diplomatic» žurnalynyň nobatdaky sanynda türkmen halkynyň görnükli şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň Ukrainanyň çäginde giňden bellenilşi barada makala neşir edildi.


Dünýäniň dürli künjeklerinden wokalçylar, meşhur gazak operaçysy we estrada aýdymçysy Roza Baglanowanyň adyny göterýän Halkara wokal bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Gazagystan Respublikanyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp, “Kazinform” halkara habarlar gullugy habar berýär.


2024-nji ýylyň 22-24-nji awgusty aralygynda 2 müňden gowrak gatnaşyjyny ýygnajak Serçeler depelerindäki Moskwanyň pionerler köşgünde III Halkara medeni forum geçiriler.


Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan şu ýylyň 6 aýynda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagyndaky ösüşine bagyşlanyp Stambul şäherinde metbugat ýygnagy geçirildi.


Häzirki wagtda dowam edýän Türkmenistanyň medeniýet günleriniň çäginde Wengriýada bolýan türkmen wekiliýeti guramaçylaryň çakylygy boýunça awgust aýynyň 9-11 aralygynda Kurultaý – umumy türki festiwalyna gatnaşar.


Budapeştde geçirilýän Wengriýada türkmen medeniýet günleriniň çäginde Türkmenistanyň mirasy, sungaty we döredijilik däpleri bilen ilkinji gezek tanyşdyryldy. Açylyş dabarasy Çarşenbe güni agşamsyna Wengriýa miras öýünde geçirildi.