

Özbegiýanyň Hywa şäheri «Ýylyň yslam ugry» baýragy bilen sylaglandy
Hywa şäherine abraýly «Ýylyň yslam ugry» baýragyny gowşurmak dabarasy, Singapurdaky «Halal in Travel Global Summit 2023» sammitinde geçirildi. Oňa özbek wekiliýeti hem gatnaşdy. Dalaşgärlere baýraklar Singapuryň «Crescentrating Pte. Ltd.» kompaniýasy tarapyndan gowşuryldy. Ol her ýyl halal syýahatçylygynyň özüne çekijiligi boýunça daşary ýurtlara baha berýär we sylaglaýar diýip, «Dunýo» HA habar berýär.





















