Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Tbilisi şäherinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosipedli ýöriş geçirildi

Iýun 02, 2023 | 12:32 |6255
3-nji iýunda bellenip geçilýän welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy welosiped ýörişini geçirdi. Çärä Gruziýanyň Milli welosport federasiýasy bilen birlikde ýurduň sport jemgyýetçiliginiň wekilleri hem gatnaşdylar.3-nji iýunda bellenip geçilýän welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy welosiped ýörişini geçirdi. Çärä Gruziýanyň Milli welosport federasiýasy bilen birlikde ýurduň sport jemgyýetçiliginiň wekilleri hem gatnaşdylar.
Çeşme: Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan berildi

3-nji iýunda bellenip geçilýän welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy welosiped ýörişini geçirdi. Çärä Gruziýanyň Milli welosport federasiýasy bilen birlikde ýurduň sport jemgyýetçiliginiň wekilleri hem gatnaşdylar.

Oňa gatnaşyjylar Bütindünýä welosiped güni – bu ýurtlary we halklary birleşdirýän baýram diýip bellediler. Ol parahatçylygyň ilçisi hökmünde bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ýene-de bir gezek sportuň ähmiýetiniň uludygyny nygtaýar.

Bütindünýä welosiped güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça welosipedi ýönekeý, elýeterli, arassa we ekologiki taýdan howpsuz ulag serişdesi hökmünde ulanmagyň artykmaçlyklaryna ünsi çekmek maksady bilen yglan edildi.

Welosiped howanyň arassalanmagyna we ýollarda dykynlaryň azalmagyna ýardam edýär, welosiped sporty bolsa – ýürek-damar we dem alyş ulgamynyň işleýişini gowulandyryp, çydamlylygy artdyryp we köp keselleriň ösmeginiň töwekgelçiligini azaltmak bilen, saglygyňy berkitmäge ýardam edýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026