HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Astana 2023-nji ýylda sambo boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatyny kabul eder

Iýun 02, 2023 | 15:30 |7524
Gazagystanyň paýtagty 2023-nji ýylyň sambo boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatyny kabul eder. Ýaryşlar 7-nji iýundan 11-nji iýun aralygynda «Bilaýn Arenada» ulularyň, ýetginjek oglanlaryň we ýetginjek gyzlaryň, oglanlaryň we gyzlaryň arasynda, şeýle hem ussatlaryň arasynda geçer.Gazagystanyň paýtagty 2023-nji ýylyň sambo boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatyny kabul eder. Ýaryşlar 7-nji iýundan 11-nji iýun aralygynda «Bilaýn Arenada» ulularyň, ýetginjek oglanlaryň we ýetginjek gyzlaryň, oglanlaryň we gyzlaryň arasynda, şeýle hem ussatlaryň arasynda geçer.
Çeşme: insidethegames.biz

Gazagystanyň paýtagty 2023-nji ýylyň sambo boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatyny kabul eder. Ýaryşlar 7-nji iýundan 11-nji iýun aralygynda «Bilaýn Arenada» ulularyň, ýetginjek oglanlaryň we ýetginjek gyzlaryň, oglanlaryň we gyzlaryň arasynda, şeýle hem ussatlaryň arasynda geçer.

Çärä ilkinji gezek körler we çala görýänler gatnaşarlar.

«Bu ýyl taryhda ilkinji gezek körleriň we çala görýänleriň arasynda Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionaty geçiriler, oňa bütin dünýäden türgenler gatnaşarlar. Sambonyň halkara federasiýasy biziň sportumyzyň görnüşine mümkinçiligi çäklendirilen adamlary çekmäge we olary uýgunlaşdyrmaga, halkara ýaryşlary üçin mümkinçilikleri döretmäge has köp üns berýär. Eýýäm ýakyn wagtda beýleki yklymlaýyn federasiýalaryň biziň tejribämizi kabul edip aljakdyklaryna ynanýaryn – diýip, Sambonyň halkara federasiýasynyň wise-prezidenti, Aziýanyň Sambo boýunça birleşmesiniň baştutany Alamjon Mullaýew belledi.

Ýaryşa Türkmenistandan başga-da, Awstraliýa, Owganystan, Bangladeş, Gonkong, Hindistan, Indoneziýa, Iordaniýa, Eýran, Gazagystan, Koreýa, Gyrgyzystan, Malaýziýa, Mongoliýa, Nepal, Täze Zelandiýa, Palestina, Filippinler, Saud Arabystany, Täjigistan, Tailand, Özbegistan, Ýaponiýa ýaly ýurtlaryň hem wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Türgenleriň ýaryşa hasaba alynmagy FIAS elektron ulgamy arkaly amala aşyrylýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026