

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Täjigistanyň täze ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda bilen duşuşdy we onuň dowamynda ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi. Sişenbe güni ministrlikde geçirilen duşuşygyň dowamynda diplomatlar döwletara gepleşikleriň ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.





















