

Türkmenistanyň woleýbolçylary çempiony ýeňip, CAVA çempionatynda çykyşy tamamladylar
Türkmen woleýbolçylary Merkezi Aziýa woleýbol birleşmesiniň milletler Kubogynda (CAVA) erkekleriň toparlarynyň arasynda çykyşy tamamladylar.


Türkmen woleýbolçylary Merkezi Aziýa woleýbol birleşmesiniň milletler Kubogynda (CAVA) erkekleriň toparlarynyň arasynda çykyşy tamamladylar.


Owganystanyň Üstaşyr geçirmek boýunça komiteti Türkmenistandan Pakistana nebit we gaz daşamak boýunça meýilnama bilen ylalaşýandygyny mälim etdi. Bu Owganystanyň Söwda-senagat palatasynyň söwdany ösdürmek boýunça goşmaça mümkinçilikleri döretmäge degişli beýanatyndan soň mälim edildi.


Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alan owganystanly uçurymlar okan bilimi boýunça demir ýol we nebitgaz ugurly edaralara işe ýollanar. Bu barada “Bakhtar news” habarlar agentligi Owganystanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna salgylanyp habar berýär.


Türkmen türgenleri sambo boýunça halkara “Gran-pri” ýaryşynda 4 sany bürünç medal gazandylar. Bu ýaryşa türkmen türgenlerinden başga-da, Russiýadan, Ermenistandan, Gazagystandan, Täjigistandan, Azerbaýjandan we Özbegistandan 100-den gowrak türgen gatnaşdy.


Türkmenistanda dümewe we ýiti respirator ýokançlaryna epidemiologiki gözegçilik boýunça milli gollanmanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.


Türkmenistanyň basketbol ýygyndysy Katar Döwletiniň paýtagty Dohada geçirilen Milletler Ligasy oýnunyň 5-nji we deslapkydan öňdäki tapgyrynda ýeňiji boldy. Oýunlar 3x3 görnüşli Halkara basketbol federasiýasynyň guramagynda geçirilýär.


Şenbe güni, 24-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda bahasy $1 mln amerikan dollaryndan gowrak möçberde 4 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkmenistan Daşkent welaýatynyň «Semurg» sagaldyş lagerinde geçýän «Arkalaşygyň çagalary» atly sekizinji medeni-bilim forumyna wekilçilik edýär.


Anna güni, 23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda matalaryň dürli görnüşleri islege eýe boldy- diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Saud Arabystanyna ahli serhet nokatlarynyň üsti bilen 1,65 mln zyýaratçy geldi. Bu barada ýurduň Baş pasport müdirligi habar berdi.


Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport boýunça Döwlet komitetiniň Aşgabatdaky sportyň gyşky oýun görnüşleri sport toplumynyň öz resmi **[saýty](https://buzlykoshk.com.tm/)** peýda boldy.


Täze Wi-Fi-router edinilenden soňra könesini ýok etmegiň geregi ýokdyr. Simsiz ýerli toryň size hyzmat eden gurluşyny täzäniň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ulanyp bolýar. Telekommunikasiýalar boýunça bilermen Wýaçeslaw Burhaýlo şeýle maslahat berdi.


Magtymgulynyň doglan gününiň 300-ýyllygynyň hormatyna Türkiýeden professor, filologýa ylymlarynyň doktory Ahmet Buran «Sözi ganatlandyran şahyr – Magtymguly» atly kitaby çykardy. Neşiriň çap bolup çykmagy şeýle hem Türkiýe respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 100-ýyllygyna bagyşlanandyr. Kitap üç bölümden ybaratdyr, olaryň her biri Magtymgulynyň döredijilik mirasyna bagyşlanandyr. Onda beýik akyldaryň şahyrana garaýyşlary yzarlanýar, akyldaryň döredijilik şahsyýeti we çeperçilik pikir ýöretmesiniň aýratynlyklary açylyp görkezilýär. Neşir şeýle hem okyjyny Pyragynyň döredijiliginiň Gündogar edebiýatyna täsiri, onuň döredijilik hatynyň ýitiligini onuň goşgy şekilindäki eserleriniň üsti bilen tanyşdyrýar. Umuman, Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk Ministrliginiň goldaw bermeginde çykarylan Ahmet Buranyň täze kitaby Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini öwrenýänler üçin peýdaly gollanma bolar. <p style="text-align: right"><em><strong>ORIENT habarlar</strong></em></p> Magtymgulynyň doglan gününiň 300-ýyllygynyň hormatyna Türkiýeden professor, filologýa ylymlarynyň doktory Ahmet Buran «Sözi ganatlandyran şahyr – Magtymguly» atly kitaby çykardy. Neşiriň çap bolup çykmagy şeýle hem Türkiýe respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 100-ýyllygyna bagyşlanandyr.


Talyban tertibi aýallary sütemden azat etdi we olara «erkin adamlar» statusyny gaýtaryp berdi. Bu sözleri «Talyban» hereketiniň ýokary lideri Haýbatulla Ahundzada aýtdy diýip, TASS habar berýär.


Şu gün şenbe güni, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherine iş sapary etdi we täze binalaryň we desgalaryň gurluşygy bilen tanyşdy.