Öýjükli hemra älemdäki maglumatlary adaty telefona geçirdi


Öýjükli hemra älemdäki maglumatlary adaty telefona geçirip bildi. BlueWalker 3 hemrasy bilen adaty smartfonlaryň arasynda maglumatlary alyşmagyň şuňa meňzeş eksperimenti AST SpaceMobile kompaniýasy tarapyndan üstünlikli geçirildi.
Tejribe Gawaý adasynda AT&T amerikan aragatnaşyk operatorynyň kömegi bilen geçirildi.
Bu Interneti ulanmakda täze tapgyry açýar. Ozal ykjam telefonyň göni hemra birikdirilmegi üçin Internete elýeterlik üçin ýörite telefonlar talap edilýärdi. Indi kabul ederlik tizlikde maglumaty alyşmak adaty telefonlar üçin hem elýeter boldy.
Mundan beýläk alymlar maglumatlaryň alşylmagyny 5G ölçeg derejesine ýetirmegi meýilleşdirýärler.
BlueWalker 3 —ol aşaky orbitadan telefonlara göni baglanmak tehnologiýasyny işlemek maksady bilen döredilen eksperimental hemradyr. Meýdany 65 inedördül metre deň bolan iň uly tolkuntutarlaryň biri sebäpli desga älem garaňkylygynda aýdyňlygy bilen tapawutlanýar.
ORIENT habarlar








