HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Täjigistanyň täze ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Iýun 27, 2023 | 21:05 |8601
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Täjigistan Respublikasynyň
Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo
Niýatbekzoda bilen duşuşdy we onuň dowamynda ynanç hatlarynyň nusgalary
kabul edildi. Sişenbe güni ministrlikde geçirilen duşuşygyň dowamynda
diplomatlar döwletara gepleşikleriň ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Täjigistan Respublikasynyň
Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo
Niýatbekzoda bilen duşuşdy we onuň dowamynda ynanç hatlarynyň nusgalary
kabul edildi. Sişenbe güni ministrlikde geçirilen duşuşygyň dowamynda
diplomatlar döwletara gepleşikleriň ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda bilen duşuşdy we onuň dowamynda ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi. Sişenbe güni ministrlikde geçirilen duşuşygyň dowamynda diplomatlar döwletara gepleşikleriň ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Meredow türkmen tarapynyň ilçä ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen diplomatik işiniň durmuşa geçirilmegine goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi.

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana amala aşyran döwlet saparynyň nukdaýnazaryndan, döwletara gepleşikleri işjeňleşdirmekde iň ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle-de halkara guramalarynyň, şol sanda sebit gurluşlarynyň çäginde işjeň hereketler beýan edildi. Parlament diplomatiýasy arkaly gatnaşyklary has hem giňeltmegiň maksadalaýykdygy barada nygtaldy – diýlip, türkmen daşary syýasat edarasynyň berýän habarynda bellenilýär.

Soňky ýyllarda ýurtlaryň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüşini kanagatlanma bilen bellän söhbetdeşler Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer ugurda hem uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdylar.

Wafo Niýatbekzoda Täjigistanyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynyň başlygy wezipesinde bäş ýyl işlän ilçi Farruh Homiddin Şerifzodany çalyşdy.

Türkmenistan we Täjigistan 2023-nji ýylyň maý aýynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama kabul etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026