HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Meşhur aýdymçy we sazanda Jeffri Stil Aşgabatda çykyş eder

Iýun 27, 2023 | 20:17 |13048
Sazyň kantri görnüşi boýunça meşhurlyk gazanan amerikaly ýerine ýetiriji Jeffri
Stil Aşgabatda çykyş eder. Kaliforniýaly meşhur aýdymçy 6-8-nji iýul aralygynda
türkmen paýtagtyna döredijilik sapary bilen geler – diýip, ABŞ-nyň
Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasy habar berýär.Sazyň kantri görnüşi boýunça meşhurlyk gazanan amerikaly ýerine ýetiriji Jeffri
Stil Aşgabatda çykyş eder. Kaliforniýaly meşhur aýdymçy 6-8-nji iýul aralygynda
türkmen paýtagtyna döredijilik sapary bilen geler – diýip, ABŞ-nyň
Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasy habar berýär.
Çeşme: Wade Payne

Sazyň kantri görnüşi boýunça meşhurlyk gazanan amerikaly ýerine ýetiriji Jeffri Stil Aşgabatda çykyş eder. Kaliforniýaly meşhur aýdymçy 6-8-nji iýul aralygynda türkmen paýtagtyna döredijilik sapary bilen geler – diýip, ABŞ-nyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasy habar berýär.

Ol 8-nji iýulda Mukamlar köşgünde konsert bilen çykyş eder. Çäre 19:00-da başlanýar. Amerikan merkezinde meýilleşdirilen söhbetdeşligiň barşynda amerikan kantri aýdym-saz görnüşiniň ýyldyzy bilen ýakyndan tanyşmak üçin, öňünden şu salgyda ýazylmak bolar.

Jeffri Stiliň aýdymlary daşary ýurtlarda giňden tanalýar: ol Amerikanyň tutuş kantri saz medeniýetiniň parlak ýyldyzy hasaplanýar. Sazandanyň köpsanly baýraklary muňa güwä geçýär. Şolaryň arasynda Stile 1996-njy, 2006-njy we 2014-nji ýyllarda "Iň gowy instrumental kantri ýerine ýetiriliş" we "Kantri stilinde iň gowy aýdym" ýaly nominasiýalarda gowşurylan 3 sany “Grammi” baýragy bar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýazylmadyk nyşany bolan kantri aýdym-sazy, gürrüňsiz, Amerikanyň medeni mirasynyň bir bölegi hasaplanýar. Häzirki wagtda uly meşhurlyga eýe bolan amerikan aýdymçylarynyň kantri-albomlary dürli döwürlerde iň köp diňlenilýän aýdymlaryň sanawyny düzdi. Teýlor Swift, Şanaýýa Tweýn, Marl Haggard we beýlekiler sazyň bu ugrunyň görnükli wekilleri hasaplanýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026