

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy hususy taraplara pensiýa gatançlaryny tölemegiň zerurlygyny ýatladýar
Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda 2023-nji ýylyň I ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny ýatladyp, şu ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda pensiýa gatançlarynyň tölenilmeginiň zerurlygyny ýatladýar.





















