

"Balkan" gämigurluşyk zawodynda 2 sany gury ýük gämi gurlar
"Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi üçin 2 sany gury ýük gämisini gurar.


"Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi üçin 2 sany gury ýük gämisini gurar.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Wo Wan Thyonga we ýurduň ähli halkyna Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
JLPT ýapon dili synagy üçin anketalar 4-8-nji sentýabr aralygynda Türkmenistandaky Ýaponiýanyň ilçihanasynda kabul ediler. Bu barada Ýaponiýanyň diplomatik wekilhanasy habar berdi.


2-nji sentýabrda Hindistanyň Satiş Dhawana adyndaky Kosmos merkezinden raketa göterijisi arkaly "Aditya-L1" Gün awtomatiki stansiýasy Arş giňişligine goýberildi. Bu enjam Gün - Ýer aralygynda, Ýerden 1 ýarym million kilometr uzaklykda iş alyp barar.


Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda “Aýbölek” mebel zawody Gazagystana mekdep partalaryny eksport etdi. Olarda Astanadaky Al-Farabi adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň talyplary otyryp okuwlaryny okaýarlar. Ýakynda bu uniwersitetde 400 orunlyk täze bina açyldy, onuň synp otaglarynda bolsa, ýurdumyzda öndürilen partalar oturdyldy.


15 - 19-njy oktýabrda Täjigistanyň paýtagty Duşenbede "Toji Somon" birinji halkara film festiwaly geçiriler. Täjik filmlerine bagyşlanyp, ýurduň Prezidenti Emomali Rahmonyň ýardamy bilen guralýan festiwala häzirki wagtda görkeziljek filmler saýlanyp alynýar. Bu barada asiaplustj.info neşiri habar berýär.


3-nji gezek geçiriljek "Bir guşak - bir ýol" ýokary derejedäki sammiti oktýabr aýynda Hytaýyň paýtagty Pekinde geçiriler. Bu barada ýurduň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Wan Wenbin mälim edýär.


Harbinde 6-njy Hytaý halkara täze materiallar sergisi açyldy. Bu ýyl sergä dünýäniň 10-dan gowrak ýurdundan we sebitlerinden 5 müňden gowrak kompaniýa we edara gatnaşdy.


Türkmenistanda diplomatik işini tammalan Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Diego Ruis Alonso ilçihananyň internet sahypasynda özüniň 4 ýyllyk zähmetiniň netijesini beýan etdi.


4-nji sentýabrda Er-Riýadda (Saud Arabystany) başlanjak agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna türkmen türgenleri hem gatnaşarlar.


Türkmenistanyň milli futbol topary sentýabr aýynda FIFA günlerinde geçiriljek Indoneziýa we Bahreýn bilen ýoldaşlyk oýunlara taýýarlyk görüp başladylar.


Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly açylan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda "Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri" atly ÝUNESKO kluby döredildi.


Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Aşgabada iş sapary bilen gelen "Higgins CM" kompaniýasynyň baş menejeri Daniýel Walter we "PSE Engineering" kompaniýasynyň dolandyryjysy Markus Brendt bilen duşuşdy.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Bundestagyň orunbasary Peter Baýeriň ýolbaşçylygyndaky nemes delegasiýasy bilen gepleşikler geçirildi. Türkmen tarapyndan bu duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen Kakageldi Çaryýardurdýýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat sekretary wezipesinden boşadyldy.