HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystanyň okuwçylary we talyplary Türkmenistanda öndürilen okuw partalarynda okaýarlar

Sentýabr 02, 2023 | 17:06 |9896
Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda “Aýbölek” mebel zawody Gazagystana mekdep partalaryny eksport etdi. Olarda Astanadaky Al-Farabi adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň talyplary otyryp okuwlaryny okaýarlar. Ýakynda bu uniwersitetde 400 orunlyk täze bina açyldy, onuň synp otaglarynda bolsa, ýurdumyzda öndürilen partalar oturdyldy.Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda “Aýbölek” mebel zawody Gazagystana mekdep partalaryny eksport etdi. Olarda Astanadaky Al-Farabi adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň talyplary otyryp okuwlaryny okaýarlar. Ýakynda bu uniwersitetde 400 orunlyk täze bina açyldy, onuň synp otaglarynda bolsa, ýurdumyzda öndürilen partalar oturdyldy.
Çeşme: Sputnik

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda “Aýbölek” mebel zawody Gazagystana mekdep partalaryny eksport etdi. Olarda Astanadaky Al-Farabi adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň talyplary oturyp okuwlaryny okaýarlar. Ýakynda bu uniwersitetde 400 orunlyk täze bina açyldy, onuň synp otaglarynda bolsa, ýurdumyzda öndürilen partalar oturdyldy.

Gazagystanly mekdep okuwçylary hem “Aýbölek” okuw partalarynda okaýarlar. Bir ýyl mundan ozal kärhana Almaty şäherindäki orta mekdebe döwrebap paratalary iberipdi. 722 orunlyk bilim edarasy 2022-nji ýylyň güýzünde Gazagystanyň milli uniwersitetinde açyldy.

Kärhana ýerli çagalar baglaryny, mekdepleri we uniwersitetleri ýokary hilli mebeller bilen hem üpjün edýär. Mysal üçin, ýakynda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Gowak obasynda 160 çaga niýetlenen çagalar bagynyň enjamlaşdyrylyşyny doly tamamlady.

Mebel kompaniýasy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýrugy bilen ýene bäş müň parta öndürdi. Okuw partalary mekdebe çenli çagalar edaralaryna, mekdeplere we ýurduň ýokary okuw jaýlaryna iberilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

23:05 Awgust 10, 2026
Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

21:30 Awgust 10, 2026
Eýranyň Ýokary lideri wideoýazgyda peýda boldy

Eýranyň Ýokary lideri wideoýazgyda peýda boldy

20:00 Awgust 10, 2026