HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

"Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri" atly ÝUNESKO kluby döredildi

Sentýabr 02, 2023 | 03:14 |10183
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly açylan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda "Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri" atly ÝUNESKO kluby döredildi.Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly açylan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda "Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri" atly ÝUNESKO kluby döredildi.
Çeşme: "Altyn Asyr" teleýaýlymy

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly açylan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda "Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri" atly ÝUNESKO kluby döredildi.

1 (16).jpg

Täze klubyň döredilmegi ahalteke atçylyk sungatyny we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek babatda ýurdumyzyň BMG-niň iri düzümi bilen özara gatnaşyklarynyň dowamy bolup hyzmat eder.

2 (17).jpg

Akademiýanyň düzümi özüne atçylyk, atçylygyň weterinariýasy, atly sport, syýahatçylyk we milli at üstündäki oýunlar, oba hojalygynyň ykdysadyýeti fakultetlerini, şeýle hem ugurdaş kafedralaryň 8-sini birleşdirýär. Döwrebap kompýuter, multimediýa we beýleki zerur bolan enjamlar, ýörite okuw serişdeleri bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdebinde umumy, tejribe we amaly otaglar, diplom we ylmy-barlag işlerini alyp barmaga niýetlenen otaglar, 600 orunlyk uly we 200 orunlyk kiçi mejlisler zallary bar. Molekulýar genetika, mikrobiologiýa, immunologiýa, anatomiýa, fiziologiýa we gistologiýa hem-de beýleki barlaghana otaglary talyplaryň we mugallymlaryň ygtyýaryndadyr.

3 (13).jpg

Akademiýanyň çäginde 315 tomaşaça niýetlenen ýapyk görnüşli sirk sahnasy (manež) hem ýerleşýär. Bu ýerde milli at üstündäki oýunlary görkezmek, şeýle hem atly sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikleri geçmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi, talyplar üçin trenažýorlar, okuw otaglary bar.

4 (7).jpg

Degişli derejede enjamlaşdyrylan we 20 bedewe niýetlenen athana atlary saklamak hem-de olara talabalaýyk ideg etmek maksady bilen döredildi. Şeýle hem bedewleri türgenleşdirmek üçin açyk meýdança göz öňünde tutuldy.

Bu ýerde 150 we 70 orunlyk naharhanalar bar. Akademiýanyň çäginde her biri 250 orunlyk iki sany umumy ýaşaýyş jaýy ýerleşýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026