

Döwlet haryt çig-mal biržasynda nebithimiýa, ýeňil senagat önümleri we el halylary satyldy
6-njy dekabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt çg-mal biržasynda nebithimiýa, ýeňil senagat önümleri we türkmen el halylary satyldy.


6-njy dekabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt çg-mal biržasynda nebithimiýa, ýeňil senagat önümleri we türkmen el halylary satyldy.


Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdany daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow «AlSharq» gazetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli makalasyny çap etdi.


Angliýanyň Premýer-ligasy oýunlary ýaýlyma bermek hukugyny Beýik Britaniýa üçin rekord baha--7,8 milliard ýewro satdy diýip, Daily Mail habar berýär.


5-nji dekabrda geçirilen BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň (EKOSOS) nobatdaky mejlisinde Türkmenistan biragyzdan BMG-niň 2024 - 2028-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş komissiýasynyň agzalygyna saýlandy.


Türkmen küşt oýunçylary Şri-Lankanyň Kolombo şäherinde 20 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda Günbatar Aziýa küşt çempionatynda çykyşlaryny tamamladylar we umumy sanawda 3 medal gazandylar.


Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi akkreditasiýa aldy. Respublikanyň Prezidenti Sadyr Žaparowa ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy sişenbe güni, 5-nji dekabrda ýurduň paýtagtynda ýerleşýän “Ala-Arça” Prezident kabulhanasynda geçirildi.


Ablaliýewiň pikiriçe, soňky ýyllarda Gazagystandan Ýewropa ýurtlaryna harytlary eksport we import etmekde oňyn ýörelgeler kemala getirildi. Şunuň netijesinde Hytaýdan üstaşyr ýükleriň mukdary iki esse artdy.


Türkmenistanyň Prezidenti Jewdet Ýylmaz çarşenbe güni Aşgabada sapar bilen gelen Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazy kabul etdi.


Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy, bu jemgyýetiň "Galkynyş" žurnalynyň redaktory, "ORIENT-iň" hormatly geňeşçisi Neda Berger Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde resmi bellige alyndy.


"The New York Times" neşiri 5 çeper we ýene 5 sany ylmy-köpçülik - jemi iň gowy 10 kitabyň sanawyny düzdi. Neşiriň uzak wagtlap dowam eden çekişmelerinden soň, bu kitaplar şu ýylyň iň gowy eserleri diýlip yglan edildi.


Sişenbe güni, 5-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Halkara gatnaşyklar boýunça Komitetiniň Başlygy Grigoriý Karasiniň arasynda duşuşyk geçirildi.


Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz Aşgabatda geçirilen Türkmen-türk işewürlik forumynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberiniň 2022-nji ýylda 2 milliard dollardan geçendigini, şu ýylyň 11 aýynda bolsa, 2,5 milliard dollara ýetendigini we ýylyň ahyryna çenli bu görkezijiniň 3 milliard dollara ýetirilmegine garaşylýandygyny aýtdy.


Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy. Ol Türkmenistanyň Söwda senagat edarasy we Meridýen Uluslararası Fuarcılık» türk kompaniýasy tarapyndan guraldy.


Yslam Ösüş banky tarapyndan ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek maksady bilen goýberilen ýeňillikli karzy özleşdirmek arkaly durmuşa geçirilýän birnäçe taslamalaryň çäklerinde Aşgabat şäheriniň telekommunikasiýa infrastrukturasyny düýpgöter özgertmek, iň bir häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün etmeklige ukyply tehnologiýalary gurnamak işleri hem alnyp barylýar.


Birleşen Milletler Guramasy 2024-nji ýyly – Düýeleriň halkara ýyly diýip yglan etdi. Bu barada BMG-niň Azyk we oba hojalyk meseleleri guramasyna salgylanyp, “Azertag” habarlar agentligi mälim edýär.