100-e golaý türk kompaniýasy Aşgabatda guralýan sergide öz önümlerini tanyşdyrýar


Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy. Ol Türkmenistanyň Söwda senagat edarasy we Meridýen Uluslararası Fuarcılık» türk kompaniýasy tarapyndan guraldy.
Sergä gatnaşmak üçin Türkiýäniň döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat uly topar, Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň we hususy kärhanalaryň 100-e golaýynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri Aşgabada geldiler. Öz mümkinçiliklerini we öňdebaryjy tehnologiýalaryny Türkmenistanda ilkinji gezek tanyşdyrýan kompaniýalar sergä gatnaşyjylaryň agramly bölegini düzýär.
Forumyň açylyş dabarasynda çykyş eden türk wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz Türkmenistanda maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak we gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek arkaly, Türkiýäniň Türkmenistanyň ösüşine goşant goşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Ýylmaz soňky ýyllarda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň görkezijileriniň guwandyryjydygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä Türkmenistanyň eksportynda Türkiýe ikinji, importynda bolsa, birinji ýerde durýar.
Geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 2 milliard dollardan geçdi. Ýylmaz: "Iki ýurduň döwlet Baştutanlary tarapyndan kesgitlenen 5 milliard dollarlyk söwda dolanyşygyna gysga wagtda ýetmek ugrunda iş alyp barýarys" didip aýtdy. Şeýle hem, Türkiýäniň Türkmenistana 147 million dollar maýa goýandygyny we türk potratçylarynyň Türkmenistanda 51 milliard dollarlyk 1080 taslamany durmuşa geçirendigini mälim etdi.
Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz we Türkmenistanyň wise-premýeri Batyr Atdaýew sergini dabaraly açdylar.

Sergide senagat pudaklary we oba hojalygy üçin enjamlar we düzümler, gurluşyk serişdeleri, durmuş tehnikasy we elektronika, öý-hojalyk harytlary, dokma önümleri, azyk önümçiligi we beýlekiler görkezilýär.
Aşgabatda guralýan serginiň birinji gününiň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisi we Türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi.
ORIENT news








