HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan BMG-niň 2024 - 2028-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş komissiýasynyň agzalygyna saýlandy

Dekabr 07, 2023 | 01:42 |6466
5-nji dekabrda geçirilen BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň (EKOSOS) nobatdaky mejlisinde Türkmenistan biragyzdan BMG-niň 2024 - 2028-nji ýyllar üçin Ilat we  ösüş komissiýasynyň agzalygyna saýlandy.5-nji dekabrda geçirilen BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň (EKOSOS) nobatdaky mejlisinde Türkmenistan biragyzdan BMG-niň 2024 - 2028-nji ýyllar üçin Ilat we  ösüş komissiýasynyň agzalygyna saýlandy.
Çeşme: un.org

5-nji dekabrda geçirilen BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň (EKOSOS) nobatdaky mejlisinde Türkmenistan biragyzdan BMG-niň 2024 - 2028-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş komissiýasynyň agzalygyna saýlandy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy habar berýär.

Türkmenistan bu komissiýanyň düzümine 2016 - 2020, 2020 - 2024-njy ýyllar döwri üçin hem yzygiderli saýlanypdy.

Ilat we ösüş komissiýasy BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň hereket edýän komissiýalarynyň biri bolup, ol Geňeşiň ilat we statistika pudagyndaky meseleler we ýörelgeler, bu ugurda global strategiýalaryň milli we sebit maksatnamalaryna we meýilnamalaryna goşulyşmagy ýaly meseleler boýunça utgaşdyryjy we maslahat beriji edarasy bolup durýar.

Komissiýanyň hemişelik sekretariaty BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça müdiriýetiniň Ilat bölümi bolup durýar.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti komissiýanyň her ýyl Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän mejlislerine gatnaşýarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026