"The New York Times" neşiri 2023-nji ýylyň iň gowy kitaplarynyň sanawyny mälim etdi


"The New York Times" neşiri ýylyň iň gowy 10 - 5 çeper we 5 sany ylmy-populýar edebiýaty - kitabynyň sanawyny mäil etdi. Neşiriň işgärleriniň uzak wagtlap dowam eden çekişmelerinden soň, bu kitaplar 2023-nji ýylyň iň gowy kitaplary diýlip yglan edildi.
Çeper edebiýat
Pol Mýurreýiň «Ary neşteri» kitaby
Bu kitap durmuşlary berbat bolsa-da, bir maşgalanyň synmaz söýgüsini we döz gelmelerini beýan edýär.
Nana Kwame Ajeý Brenýanyň «Zynjyr toparynyň hemmesi ýyldyz» kitaby
Bu kitapdaky suratlandyrylýan sahnalar «Açlyk oýunlary» eserine meňzeş. Meýdançada onlarça adam öz jany üçin göreşýär. Emma bu kitapda meýdança gorkunç ýetginjekleriň ýerine tejribeli jenaýatçylar çykýarlar. Durmuşynda “gowy we erbet” diýen düşünjesi bolmadyk, bu adamlar öz bähbidi üçin islendik zatdan geçmäge taýýar.
Meýlis de Kerangalanyň «Gündogara tarap» (Eastbound) kitaby
Durmuşlary biri-birinden tapawutly, adaty durmuşdan özlerini çetleşdirýän iki adamyň Russiýa syýahatlary barada roman.
Zedi Smitiň «Aldaw» kitaby
Kitapda birnäçe keşpleriň üsti bilen XIX asyryň durmuş gapma-garşylyklary barada gürrüň berilýär.
Deniel Meýsonyň «Demirgazyk tokaýlary» kitaby
Meýsonyň bu romany günbatar Massaçusetsdäki bir jaýyň bosagasyndan okyjylary alyp, 300 ýyllap 400 sahypada imrindirýär.
Ylmy köpçülikleýin edebiýat
Jonatan Rozeniň «Ötgür zehinliler» kitaby
Rozen öz kitabynda jemgyýetiň ahlak borçlaryny açyp görkezmek bilen parasatlylygyň we samsyklygyň arasyndaky araçägi öwrenýär.
Kerri Houliniň «Pesler belentlige sary we şeýtan gülýär» kitaby
Hemme zatlar ýazylan we mukaddeslik galmadyk dünýä barada gürrüň bermek bilen okyjylary özüne çekýär. Ýazyjy häzirki zaman durmuşynyň geň-taňlygy barada möhüm soraglar berýär.
Jon Waýllantyň «Otly howa» kitaby
Kitap Kanadanyň Alberta şäherinde 2016-njy ýylda bolan tokaý ýangynlary barada gürrüň berýär. Ol bolup geçen wakalara esaslanýan hakyky triller. Daşky gurşaw we howa üýtgeýär, adamlar bolsa üýtgemeýär. Bu bolsa dowamly gaýtalanýar.
Ilon Wunyň «Ussat gul är-aýal» kitaby
В 1848-nji ýylda är-aýal Ellen we Uilýam Kraft batyrgaýlyk bilen ABŞ-nyň demirgazyk ştatlaryna gaçýarlar. Erkinlige barýan ýolda ähli kynçylyklara we päsgelçiliklere garamazdan, ahyrsoňunda olar azat bolýarlar.
Patrisiýa Ewangelistiň «Käbir adamlar ölse-de bolýar»
Kitap ýatlamalar bilen açylyp, ol 2016-njy ýyldan 2022-nji ýyla çenli Filippinleriň taryhyny has giňişleýin beýan edýär. Ewangelista dile hem üns berýär. Dil aragatnaşygy ýola goýmak, inkär etmek, haýbat atmak, ynandyrmak üçin ulanylyp bilner. Ol ýalan-ýaşryklary ýaýradyp biler, ýöne arasynda hakykaty hem aýdyp biler-ä!.
ORIENT news








