Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Gazagystan Türkmenistanyň we Eýranyň üsti bilen Ýewropa ýükleri daşar

Dekabr 06, 2023 | 23:26 |8990
Ablaliýewiň pikiriçe, soňky ýyllarda Gazagystandan Ýewropa ýurtlaryna harytlary eksport we import etmekde oňyn ýörelgeler kemala getirildi. Şunuň netijesinde Hytaýdan üstaşyr ýükleriň mukdary iki esse artdy.Ablaliýewiň pikiriçe, soňky ýyllarda Gazagystandan Ýewropa ýurtlaryna harytlary eksport we import etmekde oňyn ýörelgeler kemala getirildi. Şunuň netijesinde Hytaýdan üstaşyr ýükleriň mukdary iki esse artdy.
Çeşme: iru.org

Gazagystanyň Ulag ministrligi ýurduň logistika kompaniýalarynyň Ýewropa ýük daşanlarynda Günorta ulag geçelgesinde peýdalananlarynda erkin üstaşyr geçişi üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň we Eýranyň degişli edaralary bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň ulag ministriniň orunbasary Satžan Ablaliýew ýurduň Hökümet mejlisinde mälim etdi.

Onuň sözlerine görä, bu çäreler Belarus-Litwa we Latwiýa serhetlerinde gazak ulaglarynyň eglenýän wagtynyň artmagy sebäpli geçirilýär.

Ablaliýewiň pikiriçe, soňky ýyllarda Gazagystandan Ýewropa ýurtlaryna harytlary eksport we import etmekde oňyn ýörelgeler kemala getirildi. Şunuň netijesinde Hytaýdan üstaşyr ýükleriň mukdary iki esse artdy.

Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrligi Gazagystanyň ulag düzümleriniň daşaýan ýükleriniň Eýranyň üsti bilen Pars aýlagynyň portlaryna we BAE-den Hindistana we Pakistanyň ýük transport bazaryna girip bilmek meselesiniň üstünde işleýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026