

Amazon lazer şöhlesi arkaly kosmosa sekuntda 100 gigabite ýetýän maglumat iberdi
Amazon kompaniýasy iki sany “Project Kuiper” atly prototip internet hemrasynyň arasynda kosmos lazer aragatnaşyk baglanyşygyny üstünlikli synagdan geçirdi.


Amazon kompaniýasy iki sany “Project Kuiper” atly prototip internet hemrasynyň arasynda kosmos lazer aragatnaşyk baglanyşygyny üstünlikli synagdan geçirdi.


14-15-nji dekabr aralygynda Ermenistanyň Ýerewan şäherinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrler derejesindäki duşuşygy geçirildi. Çäräniň temasy “Deňligi stimulirlemek, durnukly we üýtgewsiz ykdysadyýet üçin elýeterli we öz içine alyjy ulag aragatnaşygy” diýlip atlandyryldy. Duşuşyk, 2024-nji ýylyň iýun aýynda Ruandanyň paýtagty Kigali şäherinde geçiriljek ösüp barýan ýurtlaryň Üçünji maslahatynyň (LLDC) öňünden geçirilen taýýarlyk tapgyrydyr.


Azerbaýjan 2024-nji ýylda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahatyny “COP29”, Braziliýa bolsa, 2025-nji ýylda onuň 30-njy maslahatyny “COP30” geçirer.


Üpjünçilik ýollary kärhanalara çig mallary we harytlary netijeli öndürmäge we önümleri müşderilere paýlamaga mümkinçilik berýän global söwdanyň diregi bolup durýar. Üpjünçilik ýolynyň durky soňky ýyllarda täze tehnologiýalaryň peýda bolmagy, sarp edijileriň isleglerini we geosyýasy üýtgemeleri bilen ösdi. Bu harytlaryň öndürilişini we paýlanyşyny kesgitleýän täze üpjünçilik ýolynyň modelleriniň döremegine sebäp boldy. Bu makalada täze üpjünçilik ýolynyň düşünjesi we bu ösüşleriň başynda durýan öňdebaryjy eksport kompaniýalaryna mysallar beriler.


ABŞ-ly işewür, “SpaceX” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask özüniň uniwersitetini döretmek isleýär.


Türkmenistanda üsti açylan iň irki uglewodorod ýataklarynyň biri bolan “Gumdag” ýatagynda şu ýylyň geçen 11 aýynda 526,3 müň tonna nebit gazylyp alyndy.


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanalary bilen özara gatnaşyklarynyň mehanizmini we taslama-maksatnama çärelerini durmuşa geçirmegiň guralyny ulgamlaşdyrmagyň zerurlygyny belledi.


14-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda daşary syýasatymyzyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan ýygnagyny geçirdi.


Sanly senagatyň öňdebaryjylary, şol sanda Google, Meta, Qualcomm açyk sanly ekoulgamlaryň (Coalitionfor Open Digital Ecosystems, CODE) koalisiýasyny döretdiler diýip Reuters agentligi habar berýär.


Apple kompaniýasy enjamlary özbaşdak abatlamak üçin niýetlenen Self Service Repair programmalary giňeltdi.


12-nji dekabrda – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygynyň baýram edilýän gününde Moskwanyň Milletler öýünde Russiýada ýaşaýan we okaýan türkmenleriň dabaraly duşuşygy geçirildi.


Türkmenistanda penşenbe güni, 14-nji dekabrda türkmen ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudagy bolan ýangyç-energiýa toplumynyň işgärleriniň hormatyna baýramçylyk çäreleri geçirildi. Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleri güni ýurduň ähli welaýatlarynda we Aşgabatda bellendi. Paýtagtyň nebitgaz toplumynyň binasynda hökümet agzalarynyň, ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň we köp görnüşli önümçilik edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dabaraly ýygnak geçirildi.


XI Türkmen-german lukmançylyk forumy sanly ulgam arkaly gurnalyp - iki ýurtdan bolan kärdeşleriň duşuşygy 14-15-nji dekabr aralygynda uzak aralykdan geçirilýär.


14-15-nji dekabr aralygynda Maryda Türkmenistanyň we Eýranyň amaly-haşam we mozaika sungatynyň sergisi geçirilýär. Sergi welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gurnalyp, onuň açylyş dabarasyna Eýranyň ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Medeni çärä iki ýurduň halk senetçilik ussatlary, açylyş dabarasynda milli sazlar bilen gatnaşan sazandalar we aýdymçylar gatnaşýarlar.


ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” maksatnamasynyň, BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça guramasynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň guramagynda 14-15-nji dekabrda adam söwdasyna, öý we gender zorluklaryna hem-de neşe serişdelerine garşy göreşmek meseleleri boýunça iki günlük okuw seminary geçirildi.