HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen we rus ýokary okuw mekdepleri uçurymlara iki diplom bermek mümkinçiliklerini öwrenýärler

Mart 06, 2024 | 11:30 |5482
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekiliýetiniň Kazan şäherine bolan iş saparynyň dowamynda Kazanyň A.N.Tupolýew adyndaky Milli barlag-tehniki uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşikleriň netijeleri mälim edildi.Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekiliýetiniň Kazan şäherine bolan iş saparynyň dowamynda Kazanyň A.N.Tupolýew adyndaky Milli barlag-tehniki uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşikleriň netijeleri mälim edildi.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekiliýetiniň Kazan şäherine bolan iş saparynyň dowamynda Kazanyň A.N.Tupolýew adyndaky Milli barlag-tehniki uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşikleriň netijeleri mälim edildi.

Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlyk Ähtnamasyny baglaşmak, ýokary okuw mekdeplerinden uçurym bolýan ýaşlara iki diplom bermäge mümkinçilik döredýän bilelikdäki bilim maksatnamasy boýunça talyplary okatmak meseleleri maslahatlaşyldy. Şeýle hem ylmy derejä dalaşgär alymlaryň dissertasion işlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Kazanyň A.N.Tupolýew adyndaky Milli barlag-tehniki uniwersitetiniň alymlara geňeşine bermek mümkinçiliklerine hem garaldy.

Türkmenistanly hünärmenleriň iş tejribeligi üçin Kazanyň ýokary okuw mekdebiniň mugallymlaryny çekmäge türkmen tarapy gyzyklanma bildirdi. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri kazanly kärdeşlerini ýokary okuw mekdebinde 14-nji martda sanly ulgam arkaly geçiriljek maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026