Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň göçme söwdasynda 107 million dollarlyk geleşikler baglaşyldy

Mart 05, 2024 | 19:08 |6024
Söwda-senagat edarasynda geçirilen söwdada geleşikleriň jemi 71-si baglaşylyp, 107 milliondan gowrak dollarlyk we 33 milliondan gowrak manatlyk harytlar ýerlenildi.Söwda-senagat edarasynda geçirilen söwdada geleşikleriň jemi 71-si baglaşylyp, 107 milliondan gowrak dollarlyk we 33 milliondan gowrak manatlyk harytlar ýerlenildi.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy sişenbe güni Söwda-senagat edarasynda Owganystandan gelen uly işewür toparynyň gatnaşmagynda geçirilýän owgan harytlarynyň sergisiniň we Türkmen-owgan işewürler maslahatynyň çäklerinde göçme söwda geleşiklerini gurady. Owgan işewürleri TDHÇMB-niň guraýan söwdalaryna işjeň gatnaşyjylar bolup durýandygyny bellemelidiris. Göçme söwdada nebithimiýa, dokma, oba hojalyk pudaklarynyň önümleri, gurluşyk serişdeleri satlyga çykaryldy.

1.jpg

Söwda-senagat edarasynda geçirilen söwdada geleşikleriň jemi 71-si baglaşylyp, 107 milliondan gowrak dollarlyk we 33 milliondan gowrak manatlyk harytlar ýerlenildi.

2.jpg

Göçme söwda owgan wekiliýeti işjeň gatnaşdy: bu ýurduň 51 kompaniýasynyň wekilleri bahasy 58 million dollardan gowrak bolan 29 geleşik baglaşdylar.

3-1.jpg

BAE-niň, Türkiýäniň, Wirgin adalarynyň, Şotlandiýanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň işewürleri hem söwda geleşiklerini baglaşdylar. Geleşikleriň netijesinde, “ECO-93” görnüşli benzin, “Jet A-1” awiaýangyjy, yşyklandyryş kerosini, ýol bitumy, karbamid, polipropilen, portlandsement, akýan görnüşli aýna, pagta süýümli matalar we elde dokalan türkmen halylary satyldy.

4-3.jpg

5-2.jpg

6 (edit).jpg

8.jpg

9 (2)-1.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026